smi24.net
World News in Turkmen
Март
2023

Новости за 01.03.2023

Türkmenabatda zibil çeleklerini dörýän adamlar ýene köpelýär

Azathabar.com 

Türkmenistanda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň arasynda, ilatyň güzeran eklenjiniň agyrlaşýan döwründe, zir-zibil çeleklerini dörýän adamlar görnetin köpelýär. Lebap welaýatynda şu günler bu işleri amal edýän adamlaryň arasynda zenanlaryň has köpdügini görse bolýar.

Aşgabatda Gurbannazar Ezizowyň edebiýat agşamy geçirildi

Azathabar.com 

Aşgabatda 1-nji martda şahyr Gurbannazar Ezizowyň doglan gününe bagyşlanan edebiýat agşamy geçirildi. “Türkmenportal” bu habary Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymlaryna salgylanyp çap etdi. “Şahyr üçin bu dünýeden gitme ýok” diýen at bilen geçirilen edebiýat agşamyna unwersitetiň Tehniki ugurlar boýunça daşary ýurt dilleri we Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedralarynyň mugallymlary we talyplary gatnaşdy. Agşamyň dowamynda şahyryň döredijiligi, durmuşy barada gürrüň edildi... Читать дальше...

Türkmen raýatlarynyň ýurtdan çykmak üçin pasport we wiza almak şertleri kynlaşýar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň ýaşaýjylarynyň ýurtdan çykmagy has kynlaşýar. Fewral aýynda raýatlar daşary ýurt pasportlaryny almak işinde goşmaça çäklendirmeler bilen ýüzbe-ýüz boldular. Käbir sebitlerde raýatlara pasport bermekden ýüz öwrülýär, beýlekilerde arza tabşyrmak üçin rugsat berilýän wagt möhleti ep-esli azaldyldy. Bu aralykda, daşary ýurtlara wiza almak hem kynlygyna galýar. Türkmenistanyň raýaty indi täze pasport almak üçin dokumentiniň möhletiniň gutarmazyndan bir aý öň Migrasiýa gullugyna ýüz tutup bilýär. Читать дальше...

TH: Türkiýä ynsanperwerlik kömegi üçin häkimliklerden we Kärdeşler arkalaşyklaryndan pul ýygnalýar

Azathabar.com 

Türkmenistanda Türkiýedäki ýertitremede ejir çekenlere dokma önümlerini satyn almak üçin etrap häkimlikleri 2500 manady, şäher we welaýat häkimlikleri 4000 manady ýörite bank hasabyna geçirmeli. Bu barada "Türkmenistanyň Hronikasy" neşiri öz ýurt içindäki habarçylaryna salgylanyp, 28-nji fewralda maglumat çap etdi. "Bu pula Türkmenistanda öndürilen ýorganlar, polotensalar we eginbaşlar satyn alnar. Türkiýä eýýäm iberilen ynsanperwerlik kömeginiň bukjalarynda ýurduň Kärdeşler arkalaşyklarynyň we... Читать дальше...

“Azat söz - prezidentiň merhemetinde”. Sosial media Özbegistanda habar serişdeleriniň “ýapylmagy” we “açylmagy” barada

Azathabar.com 

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň “köpleriň oňa habar beriş serişdelerini ýapmagy teklip edendigi, emma onuň muny amal etmejekdigi” baradaky sözleri sosial torlarda söz azatlygy we prezidentiň ygtyýarlyklary barada gyzgalaňly jedelleri döretdi. Media jogapkär emeldarlar we hökümetçi bloggerler prezident Mirziýoýewiň 24-nji fewralda Kaşgadarýin oblastynda eden çykyşyny onuň erkin söze we azat media bolan ygrarlygyny görkezendigini öňe sürdüler. Emma sosial mediadaky aktiwistler we tankytçylar... Читать дальше...

Balkanda ilatyň gaz töleginiň möçberi sarp edilen gazyň mukdaryna görä däl-de, jaýyň tutýan meýdanyna görä kesgitlenýär

Azathabar.com 

Şu günler Bakan welaýatynyň gaz resmileri ýaşaýjylardan gyş aýlary, şeýle-de mart aýy üçin elektrik tölegleriniň hasaplaşyklaryny geçirmegi talap edýärler. Mundan başga-da, resmiler öňkülerden tapawutlylykda, gaz tölegleri bilen bagly täze hasaplaýyş usulyny girizdiler. Ýaşaýjylar bu usulyň adalatsyzdygyny belläp, munuň halkyň puluny talamakdan başga zat däldigini aýdýarlar. Geçen ýyllardakydan tapawutlylykda, bu gezek resmiler ilatyň gaz tölegleriniň möçberini sarp edilen gazyň mukdaryna görä däl-de... Читать дальше...

Hukuk goraýjylar BMG-niň Komitetine alternatiw hasabatlaryny hödürlediler

Azathabar.com 

27-nji fewralda Ženewadaky Wilson köşgünde, BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň baş edarasynyň ýerleşýän ýerinde BMG-niň Adam hukuklary komitetiniň agzalary bilen Türkmenistanyň, Zambiýanyň we Perunyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” 28-nji fewralda habar berdi. Düzgüne laýyklykda, BMG-niň komitetiniň garamagyna ýurtdaky adam hukuklarynyň ýagdaýy barada taýýarlanan resmi hasabatlar we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan taýýarlanan hasabatlar iberilýär. Читать дальше...

Gresiýadaky otly hadysasynda 36 adam öldi, onlarça adam ýaralandy

Azathabar.com 

Demirgazyk Gresiýada ýüzlerçe adamy alyp barýan ýolagçy otlusynyň ýokary tizlikde garşy tarapdan ýetip gelýän ýük otlusy bilen çakyşmagy netijesinde 36 adam ölüp, azyndan 66 adam ýaralandy diýip, resmiler 1-nji martda aýtdy. Ýarygijeden öň Tempe şäheriniň golaýynda bolan hadysada birnäçe wagon demirýoldan agdaryldy we olaryň azyndan üç sanysy ot aldy. Otlularyň çakyşmagynyň mümkin bolan sebäbi entek belli däl. Iki demirýol işgäri polisiýa tarapyndan sorag edildi, ýöne tussag edilmedi.

Gazagystanda žurnalistlere edilen hüjümleri utgaşdyran diýilýän adam saklandy

Azathabar.com 

Gazagystanyň Içeri işler ministrligi soňky döwürde garaşsyz žurnalistlere edilen hüjümleriň birnäçesini utgaşdyran adamy tussag edendigini aýdýar. Ministrligiň resmisi Albina Mahambetowa 28-nji fewralda "O. Tokarew diýlip tanalýan daşary ýurt raýatynyň” Merkezi Aziýanyň iň uly şäheri Almatyda tussag edilendigini aýtdy. Resmi maglumata görä, polisiýa we howpsuzlyk işgärleri onuň öýünden sentýabr aýyndan bäri tanymal žurnalistleriň birnäçesine garşy guralan hüjümleri utgaşdyrandygyny görkezýän materiallary tapypdyr. Читать дальше...

Putin Täze START şertnamasyny togtatmak baradaky kanuna gol çekdi

Azathabar.com 

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin 28-nji fewralda Moskwanyň ABŞ bilen ýaragsyzlanmak, strategigi hüjüm ýaraglaryny çäklendirmek boýunça baglaşan Täze START şertnamasyna gatnaşmagyny togtadýan kanuna gol çekdi. Şertnama her bir ýurdy 1550 strategiki ýadro ýaragyny, 700 sany kontinentara ballistik raketany we strategiki bombaçylary ýerleşdirmekde çäklendirýärdi. Putin bu ädimi bir hepde ozal, halka eden ýüzlenmesinde yglan etdi, şondan soň kanun çykaryjylar kanun taslamasyny tassykladylar. Bu şertnama 2010-njy ýylyň 8-nji aprelinde... Читать дальше...

Türkmen parlamentiniň deputatlygy üçin 258 dalaşgär bäsleşer

Azathabar.com 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň agzalarynyň şu ýylyň 26-njy martynda geçiriljek saýlawlary boýunça hödürlenen dalaşgärleri bellige almak möwsümi tamamlandy diýip, türkmen metbugaty 28-nji fewralda habar berdi. Türkmenistan boýunça dalaşgärleriň 14872-si hödürlenildi we bellige alyndy. Şeýlelikde, Mejlisiň deputatlygyna 258 dalaşgär, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlarynyň agzalygyna 515 dalaşgär, etraplaryň... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *