smi24.net
World News in Turkmen
Март
2023

Новости за 05.03.2023

Şolz Eýranda we Owganystanda aýal-gyzlara garşy zorlugy ýazgarýar

Azathabar.com 

Germaniýanyň kansleri Olaf Şolz 8-nji martda belleniljek Halkara aýal-gyzlar gününiň öňüsyrasynda eden wideo çykyşynda Eýranda we Owganystanda aýal-gyzlara garşy edilýän zorluk-sütemi ýazgardy. Bu iki ýurtda "öz hukuklarynyň goragynda durýan aýal-gyzlar berk göreşýärler“ diýip, ol aýtdy. “Erkinlik we adalat ugrunda berk göreşýänleriň ählisi hatda öz janlaryny hem töwekgellik astyna salýarlar” diýip, Şolz 4-nji martda çap edilen wideo çykyşynda nygtady. "Bu bagyşlanyp bilinmejek ýagdaý" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi. Читать дальше...

Türkmenistan Türkiýä täze taslamalara goşulmagy teklip edýär

Azathabar.com 

Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Beýik millet mejlisiniň başlygy Mustafa Şentop bilen telefonda gürleşip, oňa Türkmenistanda täze taslamalary durmuşa geçirmegi teklip etdi. Türkmen metbugatynyň ýazmagyna görä, Türkiýä ykdysadyýetiň energetika, ulag we aragatnaşyk, maýa goýumlary, söwda, oba hojalygy, dokma senagaty, gaýtadan işleýän we nebithimiýa senagaty ýaly pudaklarynda we beýleki ugurlarda anyk taslamalary durmuşa geçirmek teklip edildi. Habarda bellenilmegine görä... Читать дальше...

Türkmenistanyň rus gallasyna mätäçligi saklanyp galýar

Azathabar.com 

Her ýyl bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirýändigini aýdýan Türkmenistan Russiýadan galla import edýär. Hökümetçi neşir bu malumaty “Rosselhoznadzoryň” resmi web sahypasynda salgylanyp çap etdi. Orýol we Kursk sebitlerinden Türkmenistana iberilen oba hojalyk ekinleriniň sanawynda bugdaý, mekgejöwen, zygyr, raps, arpa, süle, günebakar, soýa noýbasy bar diýip, “Türkmenportal” Aşgabadyň bu iki sebitden eden importynyň möçberini anyklaşdyrmazdan belleýär. Türkmen häkimiýetleri garaşsyzlygyň başky... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *