smi24.net
World News in Turkmen
Март
2023

Новости за 08.03.2023

Mary welaýatyndan Türkiýä gidýän gurluşykçylaryň sany köpeldi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň raýatlaryň arasynda daşary ýurtlara gitmek islegleri artýarka, ýurduň käbir welaýatlarynda Türkiýede bolan ýer titremesi zerarly weýran bolan sebitleri dikeltmek üçin gurluşykçylar toplanýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylary Mary welaýatyndaky ýagdaý barada maglumat berýärler.  Mary welaýatyndan daşary ýurtlara gidýänleriň köpüsi Türkiýä barýarlar. Häzirki wagtda Türkiýä barýanlaryň uly bölegi gurluşykçylar diýip Marydaky habarçymyz 8-nji martda habar berdi: "Türkmenistanyň gurluşyk... Читать дальше...

Bişkekde ýüzlerçe aýal-gyz hukuk deňligini talap etdi

Azathabar.com 

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan gender esasly zorluklary aradan aýyrmazlykda tankylanýan Gyrgyzystanda ýüzlerçe aktiwist Halkara Aýal-gyzlar gününde aýal-gyzlar üçin deň hukuklaryň üpjün edilmegini talap etmäge ýygnandy. 8-nji martda paýtagt Bişkegiň merkezindäki Sport köşgüniň golaýyna ýygnanan we Merkezi Aziýa ýurdunda aýal-gyzlaryň azatlygy ugrunda göreşen Urkia Saliýewanyň ýadygärligine tarap ýöriş eden demonstrantlar "Azat aýal Gyrgyzystanyň abadançylygyny aňladýar", “Başlyk, meniň tenimden el çek!”... Читать дальше...

Maryda güýçli tozanly ýel turdy, käbir sebitlerde howa rekord derejelerde maýlady

Azathabar.com 

8-nji martda, gije sagat 2-3 töwereginde Mary welaýatynda güýçli tozanly ýel turdy. Azatlyk Radiosynyň habarçysy howanyň düzüminde emele gelen tozanyň 8-nji martda öýlän sagat 2-lere çenli saklanyp galandygyny, adamlaryň zerurlyk bolmasa, daşary çykmakdan saklanýandygyny aýtdy. Bu aralykda, ýurduň käbir sebitlerinde howanyň temperaturasy rekord derejelerde ýokarlandy.

Farap gümrügindäki nobat talaplary indi daşary ýurt sürüjilerine hem degişli

Azathabar.com 

Türkmenistanyň gündogaryndaky Özbegistan bilen serhetdäki gümrük geçelgesinde ýerli üstaşyr sürüjileri bilen birlikde, daşary ýurt ýük ulaglaryna hem goşmaça talaplar girizildi. Munuň netijesinde, ulaglaryň uly nobaty döredi we ozal bir günde amal edilen dokument işleri birnäçe güne çenli uzady. Sürüjiler munuň netijesinde goşmaça çykdajylara galýandyklaryny, şeýle-de resmileriň döredýän “emeli kynçylyklaryndan” geçmek üçin para bermeli bolýandyklaryny aýdýarlar.

Prezident azyk harytlarynyň gymmatlamagyna ýol bermezlige çagyran mahaly, Türkmenabatda nyrhlar 40%-e çenli ýokarlandy

Azathabar.com 

7-nji martda, Halkara zenanlar güni bolan 8-nji mart baýramynyň öňüsyrasynda, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň "Merkezi" bazarynda azyk harytlarynyň bahasy duýdansyz 40%-e çenli gymmatlady. Muňa bazarda alyjylaryň sanynyň, adatdaky günlere garanda, bäş esse çemesi köp bolmagy sebäp boldy. Bu waka, prezidentiň ýurduň bazarlarynda we söwda nokatlarynda azyk harytlarynyň nyrhlarynyň esassyz ýokarlandyrylmagyna ýol berilmezliginiň zerurdygyny nygtamagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Maryda güýçli tozanly ýel turdy, käbir sebitlerde howa rekord derejelerde maýlady

Azathabar.com 

8-nji martda, gije sagat 2-3 töwereginde Mary welaýatynda güýçli tozanly ýel turdy. Azatlyk Radiosynyň habarçysy howanyň düzüminde emele gelen tozanyň 8-nji martda öýlän sagat 2-lere çenli saklanyp galandygyny, adamlaryň zerurlyk bolmasa, daşary çykmakdan saklanýandygyny aýtdy. Bu aralykda, ýurduň käbir sebitlerinde howanyň temperaturasy rekord derejelerde ýokarlandy. "Köp adam güýçli ýeliň sesine oýandy. Çägeli ýel bir ýarym sagat çemesi dowam etdi. Şondan soň ýel gowşap başlady. 8-nji mart güni hem... Читать дальше...

“Dogan-garyndaşymyz zamunlykda”. “Hiç zat ýazmaýarlar”. Olar Gazagystanda bolsalar-da, hytaý häkimiýetlerinden gorkýarlar

Azathabar.com 

Hytaýyň "gaýtadan terbiýeleýiş lagerlerinden" aman galan etniki gazaklar Gazagystana gelip, maşgalalary bilen birleşseler-de, geçen durmuşy barada hiç zat aýtmaýar. Olar muny "islemeýändikleri üçin däl-de, gorkuzylandygy üçin" aýtmaýarlar. «HABAR GOÝMA, TELEFONDA SURATA DÜŞÜRME» Hytaýdan gelen etniki gazak Sarsenbek Akbar bäş ýyl aýralykdan soň, maşgalasyna birleşdi. Sarsenbek 2023-nji ýylyň 8-nji fewralynda, Almaty oblastynyň Akşy obasyna – öz öýüne gaýdyp geldi. Sarsenbek öňräkden Gazagystanda ýaşaýardy... Читать дальше...

HRW Astanany aýallaryň zorlukdan goralmagyny üpjün etmäge çagyrýar

Azathabar.com 

Halkara Adam Hukuklary guramasy (HRW) Gazagystanyň häkimiýetlerine ýüzlenip, maşgaladaky zorluklar üçin jenaýat jogapkärçiligine çekmek baradaky çagyryşyny gaýtalady. Hukuk goraýjylaryň 7-nji martda çap edilen beýanatynda hökümet häzir parlamentde seredilýän we maşgaladaky zorluga degişli bolan kanun düzedişlerinde aýal-gyzlaryň maşgala zorlugyndan doly goralmagyny üpjün etmäge, şol sanda, aýratyn jenaýat hökmünde, maşgala zorlugy üçin jenaýat jogapkärçiligini girizmäge çagyrylýar. Düýbi Nýu-Ýorkda... Читать дальше...

HZG Türkmenistanda mejbury zähmetiň ulanylmazlygyny maslahatlaşýar

Azathabar.com 

Daşary işler ministrliginde Halkara zähmet guramasynyň (HZG) Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary üçin mynasyp zähmet boýunça tehniki ýardam beriş edarasynyň, şeýle-de HZG-niň Ženewadaky ştab-kwartirasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi diýip, Türkmenistanyň daşary syýsat edarasy habar berýär. 7-nji martda bolan duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen HZG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerine garadylar diýip, habarda anyklaşdyrmazdan aýdylýar. Türkmenistan HZG-niň konwensiýalaryna we şertnamalaryna gatnaşmak bilen... Читать дальше...

Tbiliside müňlerçe protestçi polisiýa bilen çaknyşdy

Azathabar.com 

Parlament taktytçylaryň, şol sanda ABŞ-nyň we ÝB-niň Günorta Kawkaz döwletindäki azatlyklara täsir etjekdigini aýdan jedelli "daşary ýurt agenti" kanunynyň ilkinji okalyşyny kabul edeninden soň, müňlerçe gürjüstanly Tbilisiniň merkezi köçelerine protest bildirmäge çykdy. 7-nji mart güni giçlik, protestçiler parlament binasynyň öňündäki Rüstaweli şaýoluny petikläninden soň, polisiýa käbiri "Rus kanunlary ýok bolsun" diýip gygyrýan mähelle bilen ýüzbe-ýüz boldy. Dartgynlylygyň barha güýçlenmegi... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *