Добавить новость
smi24.net
World News
Июнь
2025

Berdimuhamedow Astanada geçirilýän “Merkezi Aziýa – Hytaý” sammitine gatnaşýar

0

17-nji iýunda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystana resmi sapary amala aşyrýar. Ol Astanada geçirilýän “Merkezi Aziýa – Hytaý” görnüşindäki ikinji sammite gatnaşar.

Berdimuhamedowy Astananyň aeroportynda gazak premýer-ministri Olžas Bektenow we beýleki resmiler garşylady.

16-njy iýunda sammite gatnaşmak üçin Hytaýyň ýolbaşçysy Si Jinpingiň hem gelendigi habar berildi. Ony Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew garşylady.

“Merkezi Aziýa – Hytaý” ilkinji sammiti 2023-nji ýylyň maýynda Hytaýyň Sian şäherinde geçirilipdi.















Музыкальные новости






















СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *