Onlarça tükmen migranty Moskwanyň deportasion merkezinde saklanýar
Moskwanyň deportasiýa merkezlerine günde polisiýa tarapyndan saklanan işçi migrantlaryň ençemesi düşýär. Russiýa gazanç etmäge baryp, migrasiýa häkimiýetleriniň eline düşýänleriň ençemesi Merkezi aziýanyň raýatlary bolup, olaryň arasynda türkmen raýatlary hem bar. Russiýada saklanyp, deportasiýa edilen türkmen raýatlary barada anyk statistika maglumatlary elýeter däl, emma Azatlygyň habarçylary käbir ýagdaýlary anyklap bildiler. Türkmenistanyň onlarça raýaty häzir Moskwanyň deportasiýa merkezlerinde saklanýar. Читать дальше...