Добавить новость
smi24.net
World News
Июль
2025

Bolgariýada Kongo diplomatynyň ulagyndan 205 kg kokain tapyldy

0

Bolgariýanyň polisiýasy Kongonyň bir diplomatynyň ulagyndan 206 kg töweregi kokain tapdy. Ol Türkiýäniň çäginden ýurda girjek bolupdyr. Bu barada Bolgariýanyň BTA habar gullugy maglumat berýär.

Kokain gümrük gözleginiň dowamynda ýüze çykaryldy. Ol 179 bukja gaplanyp, diplomatyň şahsy goşlarynyň arasynda gizlenipdir. Neşe serişdeleriniň umumy bahasy 22.4 million dollardygy çaklanylýar.

Saklanan diplomat Belgiýada akreditasiýa edilen, şol sebäpli onuň Bolgariýanyň çäginde el degirmesizlik hukugy ýok.

Mundan başga, ulagyň sürüjisi bolan Bolgariýanyň raýaty we belgiýaly bir aýal ýolagçy hem saklandy.

Eger olar neşe serişdelerini bikanun geçirmekde günäli tapylsalar, 20 ýyla çenli azatlykdan mahrum edilip bilnerler.















Музыкальные новости






















СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *