Добавить новость
smi24.net
World News
Июль
2025

Gazagystanda Özbegistana ýangyç kontrabandasy üçin ulanylan gizlin tunel ýüze çykaryldy

0

Gazagystanyň häkimiýetleri Özbegistan bilen serhet ýakasynda ýerleşýän gizlin tunel arkaly ýangyjyň uly möçberde bikanun geçirilmeginiň öňüni aldy. Bu barada 22-nji iýulda ýerli media serişdeleri ýurduň Maliýe gözegçiligi agentligine salgylanyp habar berdi.

Agentligiň maglumatyna görä, tunel Gazagystanyň we Özbegistanyň hukuk goraýjy edaralary tarapyndan bilelikde geçirilen ýörite operasiýanyň dowamynda ýüze çykaryldy. Takmynan 450 metr uzynlykdaky ýerasty geçelge arkaly Gazagystandan Özbegistana ýangyç önümleri gizlin geçirilipdir.

Bu bikanun ýük daşama ulgamy iki aýlap işläpdir. Bu döwürde ýangyjyň daşalmagy üçin ýörite logistika ýola goýlup, daşary ýurtlardan maliýeleşdirme hem üpjün edilipdir.

Gazagystanda bu jenaýat işi boýunça ýurduň bäş raýaty geçýär. Derňew tamamlandy, iş boýunça materiallar kazyýete geçirildi.

Agentlik bu hili kontrabandanyň artmagyna sebitdäki ýangyç önümleriniň bahalaryndaky tapawudyň sebäp bolýandygyny belleýär.















Музыкальные новости






















СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *