Добавить новость
smi24.net
World News
Август
2025

Türkmen prezidenti Awazada geçirilýän halkara maslahata gatnaşdy

0

Türkmenistanyň prezidenti BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşdy diýip, türkmen metbugaty 5-nji awgustda habar berdi.

Şol gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda, Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň açylyşy we birinji plenar mejlisi geçirildi.

Foruma döwlet we hökümet baştutanlary, 100-den gowrak ýurduň, 50-ä golaý halkara guramanyň ýokary wezipeli wekilleri, 20-den gowrak dünýä belli kompaniýanyň wekilleri gatnaşýarlar.

Bu ähmiýetli wakany giňden şöhlelendirmek üçin Awaza dünýäniň 40-a golaý ýurdundan 160-dan gowrak metbugat wekili geldi.















Музыкальные новости






















СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *