Добавить новость
smi24.net
World News
Август
2025

Putiniň Waldaýdaky jaýynyň töwereginde 12, Moskwada, Moskwa eteginde 60 howa goragy pozisiýasy döredildi – Rus gullugy

0

Wladimir Putiniň Waldaýdaky rezidensiýasynyň töwereginde 12 sany howa goragy pozisiýasy guruldy, diňlerde esasan “Pantsir-S1” howa goragy ulgamy bar. “Yandeksiň” täze hemra suratlaryny we Yandeks.Zekalo gullugynyň suratlaryny öwrenmek bilen, bu habary Azatlyk radiosynyň Rus gullugy habar berdi.

Aýdylmagyna görä, Putiniň çak edilýän ýanýoldaşy Alina Kabaýewa we onuň çagalary köp wagtyny Waldaýda geçirýär.

"Proekt" 2023-nji ýylda onuň özi we çagalary üçin täze jaýyň gurlandygyny, Kabaýewanyň kömekçileriniň bolsa bu ýaşaýyş jaýyndan uzak bolmadyk ýerde kwartira satyn alandyklaryny habar berdi.

Şol bir wagtda, ilaty 20 milliondan gowrak bolan Moskwa şäherinde we Moskwa sebitinde žurnalistler bary-ýogy 60 howa goragy nokadyny tapdylar.















Музыкальные новости






















СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *