Добавить новость
smi24.net
World News
Август
2025

Özbegistanda palestinaly raýatlara ýaşaýyş jaý we kömek puly berler

0

14-nji awgustda Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýurduna gelen palestinaly raýatlara hemişelik ideg we sosial goldaw bermek barada karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda Özbegistanda palestinaly raýatlaryň her maşgalasy maliýe we öý kömegi, şeýle hem sosial işgärleriň şahsy goldawyna eýe bolar.

Sosial gorag boýunça milli gullugy, Saglygy goraýyş ministrligi bilen bilelikde, maýyplygyň ýüze çykmagyna täsir edýän kesellerden ejir çekýän myhmanlaryň maýyplygyny kesgitlemeli.

Ondan soň, palestinalylara Özbegistanda zerur iş tejribesi bolmadyk raýatlara berilýän puluň mukdarynda ýagny 820 müň sum berler, bu 65 amerikan dollara barabar.

Özbegistanyň prezidenti ýurtda palestinalylara kömek üçin ýörite gaznanyň döredilmegini hem tassyklady.

2024-nji ýylyň dekabrynda Rafahdan Özbegistana 100 ýaralanan palestinaly aýal we çagalar olara ýoldaş bolan admalar bilen bilelikde ewakuasiýa edildi. Olar wagtlaýyn ýaşaýan ýerlerine ýerleşdirildi, lukmançylyk barlagyndan geçdi we zerur dermanlar hem gündelik zatlar bilen üpjün edildi.

Şonda Özbegistanyň hökümeti BMG-nyň sebitdäki gumanitar missiýasyna 1.5 million dollar kömek berdi. Prezident Mirziýoýew Özbegistan palestina halkynyň we onuň garaşsyzlyk hukugynyň "güýçli goldawçysy" diýdi.















Музыкальные новости






















СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *