Türkmenistan Özbegistanyň iri söwda hyzmatdaşlarynyň birine öwrülýär - metbugat
2025-nji ýylyň ýanwar–noýabr aýlarynyň jemleri boýunça, Türkmenistan Özbegistanyň haryt import edýän ýurtlarynyň arasynda ilkinji onluga girdi diýip, “Biznes Türkmenistan” Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetine salgylanyp habar berýär.
Bu döwürde Türkmenistanyň Özbegistana eksport eden harytlarynyň möçberi 926,2 million ABŞ dollaryna barabar bolup, Aşgabat Daşkendiň iň iri söwda hyzmatdaşlarynyň arasynda sekizinji orny eýeledi.
Ilkinji onluga Hytaý (12,8 mlrd dollar), Russiýa (7,8 mlrd), Gazagystan (3 mlrd), Türkiýe (1,7 mlrd), Koreýa Respublikasy (1,5 mlrd), Germaniýa we Hindistan (her biri 1 mlrd), Belarus (698,8 mln) ABŞ (656,1 mln) girdi.
Ýanwar- noýabr aralygynda Özbegistanyň umumy importynyň möçberi 41,9 milliard ABŞ dollaryna deň bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 18,7 göterim köpeldi. Hasabat döwründe Özbegistan dünýäniň 180 ýurdundan harytlary we hyzmatlary import etdi.
2025-nji ýylyň ýanwar–noýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky umumy söwda dolanyşygy 1,064 milliard ABŞ dollaryna deň boldy diýip, habarda bellenýär.
