Добавить новость
smi24.net
World News
Январь
2026
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23
24
25
26
27
28
29
30
31

Gazagystanda Sinjiaň aktiwistlerine garşy açylan işiň arkasynda Hytaýyň diplomatik basyşy görünýär

0

Gysgaça mazmun
Hytaý Gazagystana Sinjiaňdaky uýgur we beýleki musulman azlyklarynyň köpçülikleýin tussag edilmegine garşy çykyş eden 19 aktiwisti jogapkärçilige çekmegi üçin başyş görkezene meňzeýär.Gazak häkimiýetleri Hytaýyň diplomatik notasyny esasy subutnama hökmünde ulanyp, aktiwistleri “etniki agzalalyga meçew bermekde” aýyplaýarlar. Bu jenaýat üçin 10 ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasyny berip bolýar.Hukuk goraýjy guramalar bu işi syýasy äheňli diýip atlandyrýarlar we onuň Gazagystanyň başga pikirlileri barha kän basyp ýatyrýandygyny we Pekiniň bu ýurtdaky täsiriniň güýçlenýändigini görkezýändigini aýdýarlar.

Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň gören resminamalary Gazagystanda Hytaýyň Sinjiaňdaky uýgurlary we beýleki musulman azlyklaryny köpçülikleýin tussag etmegine garşy demonstrasiýa guran 19 aktiwistiiň jogapkärçilige çekilmeginiň aňyrsynda Hytaý hökümetiniň basyşynyň bardygyny görkezýär.
Azatlyk radiosy Hytaýyň Almatydaky Baş konsullygynyň Gazagystanyň Daşary işler ministrligine iberen diplomatik notasyny ele geçirdi. Onda 13-nji noýabrda geçirilen protest “Hytaý Halk Respublikasynyň mertebesine garşy aç-açan prowokasiýa we Hytaý Kommunistik Partiýasynyň hem-de Hytaýyň liderinyň abraýyna şek ýetirmek hökmünde häsiýetlendirilýär we gazak häkimiýetleriniň [bu hadsany] çynlakaý derňemegine'' çagyrylýar.
Şeýle-de, Azatlyk radiosy ''Naghyz Atažurt'' toparynyň, Sinjiaňda ýiten garyndaşlary bolan maşgalalar bilen işleýän, resmi taýdan hasaba alynmadyk jemgyýetçilik guramasynyň agzalary bolan aktiwistlere garşy açylan işiň kazyýet materiallaryny öwrendi. Ol materiallar Gazagystanyň derňew edaralarynyň diplomatik notany Gazagystanyň Jenaýat kodeksiniň 174(2)-nji maddasy boýunça, topar bolup, ''milli, etniki ýa-da sosial agzalalyga meçew bermekde” aýyplamak mümkinçiligini berýän jenaýat işini açmagyň esasy sebäbi hökmünde ulanandygyny görkezýär.
Azatlyk radiosynyň gören aýyplaw netijesinde “bu protest iki ýurduň arasyndaky dostluga zyýan ýetirdi” diýilýär. “Hytaý tarapy bu waka boýunça çynlakaý aladasyny bildirdi. [Hytaýyň] baş konsullyhy bu hadysanyň degişli derejede derňelmegine umyt bildirdi”.
Adam hukuklaryny goraýjy guramalar tarapyndan köplenç “belli däl, giň manyly we hyýanatçylykly ulanylyp bilinýän” diýlip giňden tankyt edilýän madda 10 ýyla çenli türme tussaglygyny göz öňünde tutýar.
Taldykorgan şäheriniň günorta-gündogaryndaky sudda 21-nji ýanwarda geçiriljek sud diňlenişiginden öň çykarylan agyr höküm, Hytaýyň Sinjandaky syýasatyna garşy işjeňlige garşy ýurduň iň giň gerimli işleriniň birine öwrüldi we bu Pekiniň Gazagystandaky täsiriniň artýandygyny we Merkezi Aziýa ýurdunda başgaça pikirlilige dilýän basyşyň berkeýändigini görkezýär.
Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň wekili Erlan Žetibaýew noýabr aýynda Azatlyk radiosy bilen söhbetdeş bolanda, “Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Hytaýyň Gazagystandaky ilçisi bilen yzygiderli duşuşyk geçirendigini” tassyklady, emma hytaý konsullygynyň iberen notasy barada düşündiriş bermedi.
“Duşuşykda, ikitaraplaýyn meseleler bilen birlikde, 2025-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Almaty sebitiniň Uýgur etrabynda bolan waka hem ara alnyp maslahatlaşyldy we Hytaý tarapyna Gazagystanyň hukuk goraýjy edaralarynyň görýän çäreleri barada maglumat berildi”.
Häzirki wagtda 13 aktiwist deslapky tussaglykda saklanýar, galan alty aktiwist bolsa öý tussaglygynda. Olaryň arasynda göwreli aktiwist Nazigül Maksutkan hem bar. Onuň we dogulmadyk çagasynyň ýagdaýy bu işden soň adam hukuklaryny goraýjy guramalaryň aýratyn üns merkezine öwrüldi.
Atažurta garşy döwlet işi19 aktiwiste garşy açylan iş Gazagystanyň gündogaryndaky, Hytaý serhedine birnäçe kilometr aralykda ýerleşýän Kalžat obasynda 13-nji noýabrda geçirilen demonstrasiýa esaslanýar. Aktiwistler hytaý häkimiýetleriniň Sinsjaňdaky etniki gazaklara we uýgurlara çemeleşmesine garşy çykyş edip, Sinjiaňdan gelip, häzirki wagtda Gazagystanyň raýaty bolan, iýul aýyndan bäri Hytaýda saklanýan Alimnur Turganbaýyň boşadylmagyny talap etdiler.
Garyndaşlarynyň aýtmagyna görä, Turganbaý Hytaýda iş wagtynda saklanypdyr we şondan bäri onuň nirede saklanylýandygy belli däl.
Aýyplaw netijesine görä, aktiwistler “öňünden meýilleşdirmek bilen ýygnanypdyrlar” we sosial mediany hem-de beýleki metbugat serişdelerini “milletara duşmançylygy tutaşdyrmak we Hytaý raýatlarynyň milli mertebesine we abraýyna şek ýetirmek” maksady bilen ulanypdyrlar.
Döwlet tarapyndan bellenen bilermenler, aýdylmagyna görä, internetda ýerleşdirilen ptotest wideolary “milletara agzalalyga ýa-da duşmançylyga meçew bermegiň alamatlaryny”, şol sanda “milli nyşanlara hormatsyzlygyň” görkezýär diýen netijä gelipdir.
Şol wideolarda proteste gatnaşyjylaryň üç sany kiçi Hytaý baýdagyny we Hytaýyň lideri Si Szinpiniň portretini ýakandygy görünýär. Wideoda olaryň “Gazak we uýgur halklaryna garşy basyş we adalatsyzlyk bes edilsin!” hem-de “Kommunistik partiýa ýok bolsun! Si Szinpin ýok bolsun!” diýip gygyryşlary hem eşdilýär.
Polisiýa demonstrantlaryň köpüsini wakanyň bolan ýerinde saklady. Soňra ýerli administratiw kazyýet olaryň birnäçesini “ownuk huligançylyk” üçin günäkärläp, jerime saldy ýa-da 15 güne çenli tussaglyk jezasyny berdi.
Emma gazak häkimiýetlerine Hytaý tarapyndan diplomatik nota iberilenden soň, iş has agyrlaşdy.
“Gazak häkimiýetleri Atažurt aktiwistlerine garşy jenaýat işini ýatyrmaly we tussag edilenleri derrew boşatmaly. Gazak hökümeti Hytaýyň basyşyna kömek etmegiň ýerine, Sinjiaňda adamzada garşy jenaýatlaryny bes etmegi talap etmeli” diýip, ''Human Rights Watch'' guramasynyň Aziýa boýunça direktorynyň orunbasary Maýa Wang aýtdy.
Pekiniň Sinjiaňdaky basyşlarynyň 2017-nji ýyldan bäri güýçlenmegi bilen, 1 milliondan gowrak uýgur, gazak, gyrgyz we beýleki musulman azlyklary köpçülikleýin lagerlere ýerleşdirildi. On müňlerçe gazak raýatynyň Sinjiaňdaky musulmanlar bilen garyndaşlyk ýa-da medeni baglanyşygy bar — olaryň köpüsiniň garyndaşlary ýiten, tussag edilen ýa-da berk gözegçilik astynda.
Serhediň aňy ýüzündäki adamlar bilen aradaky baglanyşyklar Gazagystany Merkezi Aziýada Hytaýa garşy aktiwizmiň merkezine öwürdi, emma Astana Pekin bilen aradaky uzyn serhedi we güýçli ykdysady baglanyşyklary sebäpli, Sinjiaňdaky hyýanatçylyklar barada gürrüň edýän toparlara garşy görülýän çäreleri güýçlendirdi.
Kazyýet seljermesine garaşýan aktiwistler öň bar bolan kiçi, ýöne täsirli hereketiň soňky wekilleri diýen ýaly.
Hukuk goraýjylar: iş “syýasy sebäpli”Adam hukuklary boýunça aklawçylar we birnäçe tanymal syýasy tankytçy bu işiň kanuny esaslarynyň ýokdugyny aýdýar.
Aktiwistleriň aklawçysy Şynkuat Baýžanowyň Azatlyk radiosyna aýtmagyna görä, onuň müşderileri hytaý halkyny däl-de, hytaý hökümetiniň syýasatlaryny tankytlapdyrlar. Olar gazak raýatynyň tussag edilmegini ýazgaryp, Sinjiaňdaky etniki gazaklara garşy basyşyň bes edilmegini talap edipdirler we Hytaý migrasiýasynyň artmagyna sebäp bolup biljek wizasyz režimiň ýatyrylmagyny talap edipdirler. Baýžanow bu talaplaryň ksenofobik däl-de, syýasy häsiýetlidigini aýdýar.
Baýžanowyň pikiriçe, protest wagtynda aýdylan sözler we edilen hereketler halkara standartlara görä “etniki agzalalyga meçew bermek” derejesine ýetmeýär, sebäbi olar döwlet häkimiýetlerine we syýasatlaryna garşy gönükdirilendi.
Onuň aýtmagyna görä, eger bu protest jenaýat diýlip hasaplansa, bu ýagdaý daşary ýurt hökümetini berk tankytlamagy ýigrenç sözi bilen deňleşdirer we munuň geljekde garşylykly pikir bildirýänlere garşy täze kazyýet işlerine ýol açmak mümkinçiligi bar.
Almatydaky adam hukuklaryny goraýjy Bahytžan Töregojina administratiw jezadan jenaýat jogapkärçiligine geçilmegini Gazagystanda başgaça pikirleriň basylmagynyň ýene bir mysaly diýip atlandyrdy.
Garaşsyz deputat Ermurad Bapi bu aýyplamalary “örän agyr” diýip atlandyrdy.
“Bu hereketleriň döwlet gatnaşyklary bilen hiç hili baglanyşygy ýok, bu diňe raýat işjeňliginiň, jemgyýetçilik protestiniň mysallary. Munuň üçin diňe administratiw jerime bolmaly, jenaýat işi bolmaly däl” diýip, ol aýtdy.
Halkara Adam hukuklary hyzmatdaşlygy (IPHR) we Gazagystanyň Adam hukuklary we hukuk üstünligi boýunça halkara býurosy (KIBHR) bilelikde beýanat edip, bu işi “syýasy sebäpli'' we Gazagystanyň halkara borçlaryna gabat gelmeýär diýip ýazgardy.
Şeýle-de, olar “etniki agzalalyga meçew bermek” maddasynyň giň manyly we howply ulanylýandygyny belläp geçdiler.
Bu madda 2019-njy ýylda Atažurt esaslandyryjysy Serikžan Bilaşa garşy hem ulanylypdy. 2020-nji ýylda BMG-niň eden-etdilikli tussag etmelere garşy iş topary Gazagystanyň Bilaşy bikanun nyşana alandygyny aýtdy.
Bilaş Azatlyk radiosyna beren gürrüňinde häzirki açylan işi Hytaýyň “Gazagystany ikinji Sinjiaňa öwürmek” synanyşygy hökmünde görýändigini, munuň hereketi ýok etmek we Sinjiaňdaky hukuk bozulmalary barada gürrüň edýän şaýatlaryň sesini sem etmek maksady bilen alnyp barylýan Hytaý “transmilli basyşynyň” bir mysalydygyny aýtdy.
Sinjiaň aktiwizmine garşy döwlet basyşyAtažurt birnäçe ýyl bäri Sinjiaňdaky hukuk bozulmalaryny resmileşdirip gelýär we soňky ýyllarda güýçli basyşa sezewar boldy.
Bu topar birnäçe gezek jemgyýetçilik guramasy hökmünde hasaba durmaga çalyşdy, emma bu başa barmady. Onuň agzalary jerimeler, tussaglyklar we gözegçilik bilen ýüzbe-ýüz boldy.
Gazagystanyň günortasyndaky Türküstan sebitiniň kazyýeti 15-nji ýanwarda Atažurt aktiwisti Bagdat Togysbaýewi, 19 aktiwistiň boşadylmagyny talap edip gurnan protesti üçin salnan jerimäni tölemekden boýun gaçyrypdy diýip, 5 gün tussaglyga höküm etdi.
Soňky aýlarda Atažurt bilen baglanyşykly birnäçe aktiwist demonstrasiýalara gatnaşandygy ýa-da 13-nji noýabr protestiniň wideolaryny paýlaşandygy üçin tussag edildi ýa-da jerime tölemeli boldy.
Aktiwistleriň aýtmagyna görä, polisiýanyň gözegçiligi güýçlendi we bu topary maliýeleşdirýän adamlara basyş artdy.
Gazagystan häkimiýetleri Sinjiaň boýunça işleýän daşary ýurtly alymlara hem çäklendirme girizdi.
Uýgur jemgyýetlerini öwrenýän Daniýaly antropolog Rune Stinberg 2025-nji ýylda Gazagystana goýberilmedi, “Xinjiang Victims Database” taslamasynyň esaslandyryjysy bolan rus-amerikan alymy Gene Bunin bolsa, 2021-nji ýylda, birnäçe ýyl möhlet bilen, ýurda girmek gadagançylygyna sezewar edildi.
BMG-niň 2022-nji ýyldaky hasabatynda Hytaýyň Sinjiaňda “adam hukuklarynyň örän agyr bozulmalaryny” amala aşyrýandygy we munuň “adamzada garşy jenaýatlara” barabar bolup biljekdigi aýdyldy.
Güwänamalaryň, syzdyrylan resmi resminamalaryň we beýleki subutnamalaryň köpelmegi mejbury zähmet, jynsy zorluk, mejbury sterilizasiýa we uýgur medeni-dini kimligini ýok etmek ýaly aýyplamalary güýçlendirýär.
Hytaý bu aýyplamalaryň hemmesini inkär edýär we Sinjiaňdaky syýasatlarynyň “ekstremizme we terrorçylyga garşy göreşmek” bilen baglydygyny öňe sürýär.















Музыкальные новости






















СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *