Добавить новость
smi24.net
World News
Январь
2026
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27
28
29
30
31

Gyrgyzystanda parlament agzasynyň maşgala zorlugy derňelýär

0

Özüni Žogorku Keneşiň deputaty Eldar Sulaýmanowyň öňki aýaly diýip tanadan Asel Azamatowa atly “Threads” ulanyjysy, nikaly ýaşaşan wagtlarynda adamsy tarapyndan zorluga sezewar edilendigini ýazdy.

Ol 2016-njy ýylda Sülaýmanow bilen durmuş gurandygyny habar berdi. Onuň sözlerine görä, ilki olaryň arasynda ownuk dawalar bolupdyr, ýöne iki ýyldan soň ol ýanýoldaşynyň özüni urup başlandygyny aýtdy.

Şeýle-de, Azamatowa 2022-nji ýylda, dört aýlyk göwreli wagty, Sülaýmanowyň özüni rehimsizlik bilen ýenjendigini, kazyýet-saglyk ekspertizasynyň onuň beýnisiniň sarsandygyny anyklandygyny aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugy bu beýanat barada düşündiriş almak üçin Eldar Sülaýmanow bilen telefon arkaly habarlaşmaga synanyşdy. Emma bu başa barmady. “Azattyk” oňa pikirini aýtmak üçin mümkinçilik döretmäge taýýardygyny aýtdy.

Gyrgyzystanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat gullugynyň başlygy Sultan Makilow bu habar boýunça derňew işininiň başlanandygyny habar berdi.















Музыкальные новости






















СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *