Добавить новость
smi24.net

World News in Turkmen

Новости от Russia24.pro

Russia24.pro Каталог
Февраль
2026
1
2 3 4 5 6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28

Все новости

Diňle: Türkmenbaşyda nagt pul we bankomatlar 'ýetmezçilik edýär'

Azathabar.com 

Türkmenistanda nobatdaky zähmet, pensiýa haklarynyň, kömek pullarynyň raýatlaryň bank hasaplaryna geçmegi bilen, ýurduň dürli künjeklerinde bankomatlardaky maliýe ýetmezçiligi, pul nagtlaşdyrmakdaky meseleler, töleg terminallaryndaky bökdençlikler ýaly ýagdaýlar hem döräp başlady.

Türkmenbaşyda nagt pul we bankomatlar 'ýetmezçilik edýär'

Azathabar.com 

Türkmenistanda nobatdaky zähmet, pensiýa haklarynyň, kömek pullarynyň raýatlaryň bank hasaplaryna geçmegi bilen, ýurduň dürli künjeklerinde bankomatlardaky maliýe ýetmezçiligi, pul nagtlaşdyrmakdaky meseleler, töleg terminallaryndaky bökdençlikler ýaly ýagdaýlar hem döräp başlady. Munuň bilen birlikde, Balkanyň Türkmenbaşy şäherinde golaýda dolanyşyga girizilen modifisirlenen manat bilen baglylykda täze ornaşdyrylan bankomatlaryň diňe kesgitli banklaryň kartlaryny kabul edip, beýleki banklaryň entek... Читать дальше...

Daşoguzda ýagan güýçli gar hereketi çäklendirdi, ilatyň gaz we elektrik üpjünçiligi kesildi

Azathabar.com 

Daşoguz welaýatynyň aglaba böleginde güýçli gar ýagyp, sebitiň käbir etraplaryny 25 santimetre çenli gar gaplady. Ýollaryň wagtynda arassalanmazlygy we döwlet awtobuslarynyň köpüsiniň öz işini wagtlaýyn togtatmagy, ilatyň kadaly hereketini ep-esli çäklendirdi. Galyberse-de, howanyň temperaturasy gijelerine -11 we gündizlerine -4 gradusa çenli sowaýan şu günlerde, ilatyň elektrik we gaz üpjünçiligi yzly-yzyna kesilýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň iki habarçysy 6-njy fewralda sebitden maglumat berdi. Читать дальше...

Gazagystan Russiýadan gaçan ofisere bosgunlyk statusyny ret etdi

Azathabar.com 

Gazagystanyň paýtagty Astanadaky kazyýet 5-nji fewralda Russiýadan gaçan ofiser Ýewgeniý Korobowa bosgunlyk statusyny bermekden ýüz öwürdi. Bu barada “Nastoýaşeýe Wremýa” teleýaýlymyna hukuk goraýjy Artur Alhastow habar berdi. Korobow hem-de rus dezertirleriniň “Proşaý, oružiýe!” (“Hoş gal, ýarag!”) assosiasiýasy kazyýetiň bu karary bilen ylalaşmaýarlar we ony ýokarky instansiýalarda şikaýat etmegi meýilleşdirýärler. Alhastowyň aýtmagyna görä, Korobow “agressor ýurduň goşunynda gulluk etmekden boýun... Читать дальше...

Täjigistanyň türmelerinde 471 zenan we 11 çaga saklanýar

Azathabar.com 

Täjigistanda azatlykdan mahrum ediş ýerlerinde 471 zenan saklanýar. Olar bilen birlikde düzediş edaralarynda olaryň kämillik ýaşyna ýetmedik 11 çagasy hem saklanylýar. Resmi maglumatlara görä, 2025-nji ýylda Täjigistanda aýal-gyzlar tarapyndan jemi 1 müň 571 jenaýat amala aşyryldy. Olar köplenç galplyk, ogurlyk, çagalaryň bilim almagyna päsgel bermek, huligançylyk, bilkastlaýyn keseli ýokuşdyrmak, şeýle-de bilkastlaýyn saglyga zeper ýetirmek ýaly maddalar boýunça günäli tapyldy.

Balkanlylaryň onlarçasy täze golf-klubynyň gurulmagyna garşy nägilelik protestini bildirdi

Azathabar.com 

Şu hepdäniň başynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň onlarça ýaşaýjysy şäher häkimligine baryp, täze golf-klubynyň gurulmagyna garşy nägilelik protestini bildirdi. Bu waka, häkimiýetleriň "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda täze golf-klubyň guruljak ýerinde düýbüni tutmak çäresi üçin taýýarlyklara başlan mahalyna gabat geldi. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 5-nji fewralda sebitden maglumat berdi. “2-nji fewralda şäheriň onlarça ýaşaýjysy üýşüp, şäher häkimliginiň binasyna bardy. Читать дальше...

Samarkantda 14 ýaşly gyzy alyp gaçandygy üçin dört erkek türmä höküm edildi

Azathabar.com 

Özbegistanyň Samarkant welaýatynyň Kattakurgan etrabynyň jenaýat işleri boýunça kazyýeti kämillik ýaşyna ýetmedigi alyp gaçmak işi boýunça dört erkek kişini azatlykdan mahrum etdi. Bu barada Kun.uz kazyýet materiallaryna salgylanyp habar berýär. Işiň materiallaryna görä, 2025-nji ýylyň 6-njy awgusty irden 30 ýaşly B. H. öňünden ylalaşyk esasynda tanyşlary – M. M. (29 ýaş), A. M. (28 ýaş) we U. Z. (24 ýaş) bilen bilelikde – çörek almak üçin dükana çykan 14 ýaşly gyzy ýoldan geçjek pursady alyp gaçdy. Читать дальше...

Raýan Rut Trampyň janyna kaset etmek synanyşygy üçin ömürlik tussaglyga höküm edildi

Azathabar.com 

ABŞ-da kazyýet 59 ýaşly Raýan Ruty 2024-nji ýylda Florida ştatynyň Uest-Palm-Biç şäherindäki golf klubunda Donald Trampyň janyna kast etmek synanyşygy bilen baglylykda ömürlik azatlykdan mahrum etdi we goşmaça ýedi ýyl tussaglygy berdi. Rut bäş federal jenaýat aýyplamasy boýunça günäli tapyldy. Olaryň arasynda ABŞ-nyň prezidentligine dalaşgäriň janyna kast etmek synanyşygy, federal gullukça hüjüm etmek we ýarag saklamak bilen baglanyşykly birnäçe hukuk bozulmalary bar. Saýlaw kampaniýasy döwründe... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *