Rus prezidenti Wladimir Putin özüniň fransuz we türk kärdeşleri bilen Daglyk-Garabagdaky konflikti maslahat etdi. Bu aralykda, Ermenistan öten gijäniň dowamynda dawaly regiondaky möhüm şäheriň golaýynda “gazaply çaknyşyklaryň” bolandygyny aýtdy.
Kremliň maglumatyna görä, 7-nji noýabrdaky telefon söhbetdeşliginiň dowamynda Putin we fransuz prezidenti Emmanuel Makron sebitdäki etniki ermeni we azeri güýçleriniň arasynda alnyp barylýan giň gerimli çaknyşyklara, şeýle-de konflikte Siriýadan we Liwiýadan söweşijileriň gatnaşmagyna alada bildiripdirler.
Prezidentler özleriniň araçylyk, şol sanda konflikte parahatçylykly çözgüt tapmak üçin 1992-nji ýylda esaslandyrylan Minsk toparynyň çäklerindäki tagallalaryny utgaşdyrmagy dowam etdirjekdiklerini aýtdylar. Minsk toparyna Russiýa, Fransiýa we ABŞ egindeş başlyklyk edýär.
Şol günüň özünde Putin türk prezidenti Rejep Taýyp Erdogan bilen hem gepleşdi. Ankaranyň maglumatyna görä, Erdogan rus liderine Ermeni güýçleriniň azeri topraklaryndan çekilmelidigini we “gepleşik stolunyň başyna geçmelidigini” aýdypdyr.
1990-njy ýyllardaky urşuň netijesinde Bakuwdan garaşsyzlygyny yglan eden Daglyk-Garabagda azeri güýçleri bilen Ermenistan tarapyndan goldanylýan separatistleriň arasyndaky çaknyşyklar sentýabryň aýagynda başlandy.
Семинар библиотекарей Ленинского округа прошел в Центральной библиотеке
Филиал № 4 ОСФР по Москве и Московской области информирует:
Свыше 5,2 миллиона жителей Московского региона получают набор социальных услуг в натуральном виде
Владимир Путин сенсационно получил ключевое признание от Н А Т О.
Владимир Путин, Дмитрий Медведев, Анатолий Голод: ПРИЗНАНИЕ НАТО НАДО ПРИМЕНЯТЬ!
Объект культурного наследия «Фабрика-кухня» горит на севере Москвы
Филиал № 4 ОСФР по Москве и Московской области информирует:
Свыше 5,2 миллиона жителей Московского региона получают набор социальных услуг в натуральном виде
Социальные и ESG-проекты ГПМ Радио названы лучшими в России
Владимир Путин, Дмитрий Медведев, Анатолий Голод: ПРИЗНАНИЕ НАТО НАДО ПРИМЕНЯТЬ!
Владимир Путин, Дмитрий Медведев, Анатолий Голод: ПРИЗНАНИЕ НАТО НАДО ПРИМЕНЯТЬ!
В Московской области сотрудники Росгвардии задержали подозреваемого в краже электроинструментов
Филиал № 4 ОСФР по Москве и Московской области информирует:
Свыше 5,2 миллиона жителей Московского региона получают набор социальных услуг в натуральном виде
Попурри мелодий и дух патриотизма: военный оркестр в парке «Кузьминки» отметил День России