Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2020

Rus raýaty gizlin maglumatlary ýygnandygy üçin 13 ýyl aldy

0
Rus erkegi  gizlin maglumatlary ABŞ-nyň aňtaw gullugyna bermäge synanyşandygy üçin 13 ýyl azatlykdan mahrum edildi.


Federal howpsuzlyk gullugy (FSB) 20-nji noýabrda Brýansk sebit sudunyň Ýuriý Ýeşçenkonyň 2015-2017-nji ýyllarda Murmansk şäherinde harby gämileri bejerýän kompaniýada işlemek bilen, rus deňiz floty üçin işlenip düzülen elektron enjamlara degişli gizlin materiallary bikanun ýygnandygyny anyklandygyny aýtdy. 


FSB Ýeşçenkonyň 2019-njy ýylda, gizlin maglumatlary Merkezi aňtaw gullugynyň (CIA) işgärine geçirjek bolanda tutulandygyny aýtdy.


FSB-nyň habaryna görä, Ýeşçenko günäsini boýun aldy.


Orsýetiň adam hukuklary guramalary biraz öň prezident Wladimir Putin 1999-njy ýylyň aýagynda häkimiýet başyna geleli bäri ýurtda  100 töweregi rus raýatyna dönüklik we içalyçylyk aýyplamalary esasynda höküm çykarylandygyny aýtdy.














Музыкальные новости






















СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *