Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2020

Özbegistan Siriýa lagerlerindäki raýatlaryny yzyna getirmekçi bolýar

0
"Roýters" habar gullugynyň 29-njy noýabrdaky maglumatyna görä, Daşkent hökümetindäki ady aýdylmadyk çeşme Özbegistanyň öz raýatlarynyň ýene bir toparyny Siriýadan, "Yslam döwleti" toparynyň söweşijileriniň maşgalalarynyň ýaşaýan lagerinden yzyna getirmegi meýilleşdirýändigini aýtdy.


Özbek delegasiýasy Siriýanyň kürtleriň gözegçiligindäki iki lagerine baryp gördi we 100-e golaý özbek raýaty, hususan-da aýallar we çagalar bilen olaryň Özbegistana dolanmaklary barada gürrüň geçirdi.


Çeşme “Roýters” habar gullugyna ol ýerdäki özbekleriň “agyr şertlerde ýaşaýandygyny we agyz suwy, azyk we lukmançylyk kömegi meselelerinde kynçylyk çekýändigini” aýtdy.


Birleşen milletler guramasy Al-Hol lagerinde takmynan 65 müň adamyň bardygyny aýdýar. Bu adamlaryň   28 müňi siriýaly, 30 müňi yrakly bolsa,  ýene 10 müň çemesi adam beýleki daşary ýurtlaryň raýatlary diýip çaklanýar.


Özbegistan dikeldiş maksatnamasynyň çäginde geçen ýyl Siriýadan 220 töweregi aýal we çagany yzyna getirdi.

 














Музыкальные новости






















СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *