IIM: Demonstrasiýalar dargadylanda 200-den gowrak adam tussag edildi
"Ýerli ýerine ýetiriji guramalaryň we prokuraturanyň duýduryşlaryna garamazdan, raýatlar öjükdiriji çagyryşlara berlip, ilatyň asudalygyna we howpsuzlygyna wehim salýan bikanun hereketlere ýüz urdy" diýip, Gazagystanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat gullugynyň beýanatynda aýdylýar.
Şeýle-de, "raýatlaryň käbir toparlarynyň ýollary baglap, ulag hereketine päsgelçilik döredendigi” belleinilýär.
Içeri işler ministrliginiň maglumatyna görä, Almaty, Şymkent we Taraz şäherlerinde "akimatlaryň binalaryna hüjüm etmek" synanyşygy edildi, "penjireler, gapylar döwüldi we beýleki maddy zyýanlar ýetirildi".
Mundan başga, polisiýa märekäniň "daş, taýak, gazly we burçly bankalary, Molotow kokteýlleri" ýaly zatlary ulanandygyny belleýär.
“Netijede, bikanun hereketler netijesinde içeri işler edaralarynyň 95 işgäri ýaralandy. Gulluk awtoulaglarynyň 37 sanysy zaýalandy” diýip, IIM aýtdy.
Häkimiýetler demonstrantlaryň arasynda ejir çekenleriň bolup-bolmandygy barada habar bermedi. Synçylar polisiýa tarapyndan tussag edilenleriň sanynyň resmi beýanatda azaldylyp görkezilene meňzeýändigini aýdýarlar.
