Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Февраль
2022

Özbegistan tussag edilen özbek raýaty barada Gazagystana hat iberdi

0
Özbegistanyň Almatydaky baş konsuly, ýanwar wakalary bilen baglanyşykly, özbek raýaty Saken Talipowyň tussag edilmegi sebäpli Gazagystana nota, hat iberendigini aýtdy. 


Özbegistanyň Daşary işler ministrligi bu notanyň iberilendigini tassyklady, ýöne Azatlyk radiosyna onuň mazmunyny aýan etmekden saklandy.


17 ýaşly Talipow Gazagystana geçen güýzde, ejesiniň ýanynda ýaşamak üçin geldi we Almatydaky bir ýaşaýyş jaý toplumynda garawul bolup işledi. Garyndaşlarynyň gürrüň bermegine görä, Talipow 4-nji ýanwarda “Almaty Arena” atly buz köşgünde geçirilýän parahatçylykly ýygnanyşyga gitdi we ýörişe gatnaşýanlara goşulyp,  şolar bilen bilelikde häkimligiň  golaýyndaky meýdança bardy.


Ol polisiýa galkanyny we taýagyny eline alan pursatynda wideo ýazga düşdi.


 Talipow şu aýyň başynda tussag edildi we iki aý tussaglyga höküm edildi.


 Oňa "bidüzgünçiliklere gatnaşmak" bilen bir hatarda "adatdan daşary ýagdaý yglan edilen sebitde hukuk goraýjy edaranyň işgäriniň janyna wehim salmak" aýyplamasy bildirildi.


Sakeniň ejesi Kamşat Derbisaliýewa oglunyň şähere näbeletdigini we ony ýygnanyşyga bir tanyşynyň alyp barandygyny aýtdy.


Talipowyň aklawçysy Talipowa bildirilýän aýyplamalary esassyz hasaplaýar. Onuň sözlerine görä, derňew materiallarynda Talipowyň meýdançada bolandygyny görkezýän wideo ýazgydan başga hiç zat ýok.














Музыкальные новости






















СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *