Baýden doňdurylan owgan serişdelerini boşatmak baradaky buýruga gol çekdi
Boşadylan 7 milliard dollaryň ýarysyny owganlara kömek berýän toparlaryň üsti bilen paýlar ýaly, Birleşen Ştatlar gelýän aýlarda ol serişdeleri ynsanperwer kömek gaznasyna geçirjek ynam gaznasyny döreder diýip, Ak tamyň bir resmisi 11-nji fewralda aýtdy.
Galan 3,5 milliard dollar ABŞ-da galar we ABŞ-nyň terrorçylyk pidalary tarapyndan dowam etdirilýän kazyýet işlerini, şol sanda 11-nji sentýabr hüjümleriniň pidalarynyň maşgalalarynyň "Talybana“ garşy bildirýän talaplaryny maliýeleşdirmek üçin ulanylar.
Ak tamyň beýanatynda aýdylmagyna görä, bu buýruk "maliýe serişdeleriniň "Talybanyň“ we betniýet aktýorlaryň eline düşmän, Owganystanyň halkyna ýetmegini“ üpjün etmek niýetinden ugur alýar.
Baýden buýruga gol çekenden soň, "Talybanyň" metbugat wekli Mohammad Naim twitterde ABŞ-nyň üstünden döküldi. Naim Birleşen Ştatlar tarapyndan doňdurylan puluň "ogurlanandygyna we konfiskasiýa edilendigine" salgylanyp, munuň "bir ýurduň we döwletiň ahlak taýdan pese gaçmagyny" aňladýandygyny aýtdy.
