Görnükli türkmen ýazyjysy, halypa žurnalist Rahym Esenow aradan çykdy
Türkmen edebiýatynyň aksakgaly, halypa ýazyjy Rahym Esenow şu gün, 96 ýaşynyň içinde Aşgabatda aradan çykdy.
"Türkmen edebiýaty agyr ýitgä sezewar boldy, onuň uly saýaly daragty ýykyldy” diýip, aşgabatly kärdeşim Rahym aga Esenowyň dünýäsini başgalandygyny tassyk etdi.
Rahym aga ozal öwrenip, sünnäläp ýazan eserleri, soňra adamkärçilikli gatnaşyklary bilen, türkmen ýazjy-şahyrlarynyň, žurnalistleriniň arasynda iň sylanýan döredijilik adamlarynyň biridi.
Ol sowet ýyllarynda "Prawdanyň”, sowet döwletiniň baş gazetiniň Türkmenistandaky habarçysy, Türkmenistanyň medeniýet ministri, Ýazyjylar birleşiginiň başlygy, "Dostluk" jemgyýetiniň başlygy ýaly wezipelerde işläp, hem ýurduň içinde, hem daşary ýurtlarda köp syýhatada bolan, hakykatdan hem köpi gören, 1941-45-nji ýyllaryň urşuna gatnaşan, onlarça kitabyň awtory bolan tanymal ýazyjy, taryhçy alym bolsa-da, Türkmenistan garaşsyz bolanyndan soň häkimiýetler üçin “iň bir oňaýsyz” adamlaryň birine öwrüldi.
Elbetde, bu onuň ýurtda döredilýän şahsyýet kultuny kabul edip bilmezligi ýa-da kabul etmek islemezligi bilen baglydy. Hut şu isleg hem ony ýurtda gadagan edilen ýazyjylaryň gara sanawyna goşdy, netijede ol, susmak islemän, 1990-njy ýyllaryň ortalarynda daşary ýurtdaky neşirler, şol sanda Azatlyk radiosy bilen hyzmatdaşlyga başlady.
Rahym aganyň ýurtdaky şahsyýet kulty bilen arasyndaky gapma-garşylygynyň ýitileşmegine onuň uzak ýyllar iş edinip ýazan "Baýram han” romanyny prezidentiň göwün islegine görä üýtgetmezligi sebäp bolan ýaly göründi. Soňra rus we iňlis dillerinde çap edilen roman Türkmenistanda 1997-nji ýylda, Saparmyrat Nyýazowyň açyk ýazgarmasyndan soň, “taryhy taýdan dürs däl” diýen bahana bilen gadagan edildi.
Bu romanyň 2003-nji ýylda Moskwada, özünden ygtyrýarsyz çap edilmegi bolsa, S.Nyýazowy has-da dergazap edene meňzeýär. Netijede, şol wagtlar hassahanada bejergi alýan ýaşuly ýazyjy, daşary ýurtda çykardan kitabyny bikanun ýurda getirmek bilen, “sosial, etniki, dini ýigrenji öjükdirmek” synanyşygynda aýyplanyp, prezidentiň buýrugy esasynda, howpsuzlyk işgärleri tarapyndan hassahana otagyndan çykarylyp, MHM-niň deslapky tussaghanasyna geçirildi.
Bu 2004-nji ýylda bolupdy. Soň Pragada, Azatlyk radiosynyň redaksiýasynda bolanda gürrüň bermegine görä, ol ýurtdan çykmazlyk, her hepde ýerli polisiýa bölüminde baryp, bellik etdirmek baradaky dilhata gol çekmäge hem mejbur edildi.
Rahym aganyň häkimiýetleriň öňündäki “günäsini” agraldan ýene bir zat bolsa, onuň AÝ/AR-nyň Türkmen gullugy bilen hyzmatdaşlygy bes etmegi baradaky talaplara boýun egmezligi, şol wagty tanymal oppozisioner, S.Nyýazowyň daşary ýurtdaky açyk tankytçysy Abdy Kulyýew bilen eden telefon gürrüňleri barada habar bermezligi boldy.
Ýöne barha ýygjamlaşan halkara hukuk toparlarynyň basyşlary netijesinde, Aşgabatdaky ABŞ ilçihanasynyň kömegi bilen, Rahym Esenow ahyrynda, 2006-njy ýylda, 79 ýaşynda Nýu-Ýorka baryp, dünýäde edebi azatlyk üçin berilýän uly sylaglaryň birini, Barbara Goldsmit adyndaky Ýazmak azatlygy baýragyny (PEN/Barbara Goldsmith Freedom to Write Award) öz eli bilen, şowhunly el çarpyşyk astynda kabul etdi.
Rahym Esenowyň "Baýram han” romanynyň 800 nusgasy Aşgabatda häkimiýetler tarapyndan ýakylyp ýok edildi, ýöne ol Azatlygyň žurnalistleri bilen eden söhbetlerinde “gowulygyň ýeňjegine, haýyr işiň ahyrynda üstün çykjagyna, şeriň bolsa ýeňiljegine hemişe ynanandygyny we bu ynamyň özüne güýç berendigini” aýdardy.
Rahym Esenow Jüneýit han, Eziz han ýaly, sowet döwründe bir taraply, kommunistik ideologiýanyň gözi bilen öwrenilen şahslar, şol sanda "Türkmen azatlygy“ diýilýän toslama iş esasynda ýok edilen türkmen şahsyýetleri hakyndaky hakykaty açmakda hem, DHK-nyň arhiwlerinde gözleg geçirip, uly tagalla etdi. Emma onuň türkmen hanlary hakyndaky täzeçe çemeleşmesi hem döwlet ýolbaşçysynyň göwnünden turmady.
“Bilýäňmi näme, haçanda men türmeden çykamda we bu ýere gelýänimi aýdanlarynda, ýurdy hemişelik terk etmek, bosgun durumy almak we şu ýerde ýaşamak barada pikir etdim“ diýip, Rahym aga "NewYorker” žurnalyrynyň žurnalisti bilen eden söhbetdeşliginde aýdypdyr. “Bu pikir esli wagt gitmedi. Emma men muny başarmaryn. Meniň aýalym näsag. Meniň maşgalam bar. Men gaty garry. Bu meniň üçin gaty giç. Türkmenistan meniň ömrümi tamamlamaly ýerim” diýip, halypa ýazyjy amerikan neşirine ýadan sözleri onuň bu temadan Pragada, saçak başynda eden gürrüňlerini ýatladýar.
Has dogrusy, syýahatçy ýazyjyny ýurdunda saklan ýene bir zat bardy, onuň iki ogly ýaşlykda wepat bolup, türkmen topragynda jaýlanypdy, aýaly oňa, öz sözleri bilen aýdylsa, 'ogullaryny bärde ýeke goýup, hiç ýere gitmejekdigini' aýdypdy.
Rahym aga bu gürrüňi ilki 1996-njy ýylda, Moskwanyň etegindäki Peredelkinoda, ýazyjylaryň döredijilik öýünde bir aý bile bolamyzda aýdypdy, soň Pragada duşuşyp, şäherde gezeleçn edmizde ýatlady.
"Siz ýaly ýaş bolan bolsam, menem Aşgabatda galmazdym. Çagalaryňyz ýanyňyzda, ýüregiňizi gysdyrmaň, Magtymguly aýtmyşlaýyn, bu bir iş wagtydyr, işläň!” diýip, ol Pragadan yzyna, Aşgabada gitmek üçin hoşlaşanda aýdypdy.