Russiýa Merkezi Aziýa ýurtlary bilen aradaky gatnawlary ýeňilleşdirýär
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Özbegistanyň we Russiýa Federasiýasynyň hökümetleriniň arasynda raýatlaryň bu ýurtlarda galmagynyň tertibini ýönekeýleşdirmek baradaky şertnamasyny tassyklady diýip, Kremliň metbugat gullugy habar berdi.
Resminama laýyklykda, Russiýa Federasiýasyna girýän özbek raýatlary we Özbegistanyň çägine girýän ruslar giriş senesinden başlap, 15 günüň dowamynda hasaba alynmak borjundan boşadylýar (mundan öň olar 7 günüň içinde hasaba alynmalydy).
Özbegistanyň we Russiýanyň hökümetleri bu meseledäki ylalaşyga 2021-nji ýylda gol çekdi.
Şeýle-de, 16-njy maýdan başlap, Gyrgyzystanyň raýatlary üçin Russiýa girmek boýunça girizilen çäklendirmeleriň ýatyrylandygy habar berilýär.
Gyrgyzystanyň Ministrler kabinetiniň metbugat gullugynyň habaryna görä, epidemiologiki ýagdaýyň durnuklaşmagyny göz öňünde tutmak bilen, Russiýa Federasiýasynyň hökümeti degişli karary kabul etdi.
Rus raýatlarynyň Gyrgyzystana barmagy baradaky çäklendirmeler hem ýatyrylýar.
Russiýa Federasiýasynyň Gyrgyzystandaky ilçihanasynyň aýtmagyna görä, “Gyrgyzystanlylar gury ýer barlag nokatlary arkaly Russiýa girip biler, rus raýatlary bolsa Gyrgyzystana, şol sanda rus-gazak serhedinden hem girip biler".
Mundan ozal gyrgyz raýatlarynyň Russiýanyň çägine girmegine diňe howa arkaly rugsat berilýärdi.