Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Июль
2022

Türkmenistanyň günbatarynda ýer titredi

0
28-nji iýulda Türkmenistanyň günbatarynda 4,3 magnitudaly ýer titreme hasaba alyndy. Bu barada Volcano Discovery saýty habar berýär.


Ýerli wagt bilen ir sagat 7:17-de ýüze çykan ýer sarsgynynyň episentri Türkmenbaşy şäheriniň 22 km demirgazyk-gündogarynda ýerleşdi we onuň çuňlugy 10 km-e deň boldy.


Ýer sarsgynynyň netijeleri barada maglumat ýok.


Soňky aýlarda Türkmenistanyň günbatar sebitlerinde birnäçe ýer sarsgyny hasaba alyndy.


Türkmen häkimiýetleri 28-nji iýulda ýüze çykan ýer sarsgyny bilen birlikde, ýurtda bolýan tebigy betbagtçylyklar we olaryň ilata ýetirýän täsirleri barada habar bermekden ýyllarboýy saklanyp gelýärler.






Türkmenistan 9 baldan ýokary seýsmiki aktiw ýerde ýerleşýär.


1948-nji ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda ýurduň taryhyndaky iň weýrançylykly ýer titreme boldy. Tutuş şäher tas ýer ýüzünden süpürildi, 100 müňden gowrak adam wepat boldy.














Музыкальные новости






















СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *