Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Август
2022

Rowaçlygy sorag döredýän kottežler ýa-da gymmat gurluşyklaryň zyýany nädip azaldylar?

0
Rowaçlygy sorag döredýän kottežler ýa-da gymmat gurluşyklaryň zyýany nädip azaldylar?

Hazar kenarynda açylan täze kottežler toplumy Türkmenistanda döwlet serişdesine gurulýan desgalara edilýän harajatlaryň netijeli ulanylmagy baradaky meseläni ýene bir gezek gün tertibine getirdi. Azatlygyň habarçylary biraz öň bu kottežleri gurýan gurluşyk firmalarynyň öz işgärlerine üç aýlap hak berip bilmeýändigini habar beripdiler. Ýerli synçylar bu hili desgalaryň netijeli ulanylmagynda syýahatçylygyň oýnap biljek roluna ünsi çekýärler. "Döwlet eýeçiligindäki desgalar satuwa çykarylanda daşary ýurtlulary hem bäsleşikli söwda gatnaşmaga çagyrýan hökümet näme üçin goňşy ýurtlardan geljek syýahatçylara, şol sanda daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenlere syýahat wizalaryny bermekden çekinýär?" diýip, raýat aktiwisti Nurmuhamet Hanamow Azatlyk bilen söhbetdeşlide aýtdy.

Türkmen TW-si 1-nji awgustda Hazar kenarynda zähmet rugsadynda bolýan prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açylan "Rowaç“ kottežler toplumynyň şanyna gurnalan aýdym-sazly dabarany halka ýetirse-de, "bir wagtda 900-e golaý adamy kabul etmäge ukyply, 240 maşgala niýetlenen” kottež şäherçesiniň döwlet gaznasyna näçe serişdä düşendigini, onuň näçe ýylda özüni ödejekdigini aýtmakdan saklandy. Öňki ýyllarda gurlan desgalaryň köpüsiniň özüni ödemän durandygy ýa gümürtik şertlerde hususy eýeçilige geçirilendigi nazara alynsa, bu desgalar hem kän girdeji getirjege meňzemeýär.

Hökümetçi "SalamNews” neşiriniň döwlet eýeçiligindäki metbugata salgylanyp, anyklaşdyrman ýazmagyna görä, täze açylan kottežler toplumynda 200-e golaý täze iş orny döredildi. Emma TDH-nyň habarynda bu diýilýän iş orunlary barada hiç zat aýdylmaýar.

“SalamNews” neşiri, “Türkmenistan” gazetiniň elektron neşirine salgylanyp, 2 gatly kotejžleriň 48 sanysyny özünde jemleýän täze şäherçäniň «Sabyrly maşgala» hususy kärhanasynyň, «Kent gurluşyk» hem-de «Güneşli deňiz» hojalyk jemgyýetleriniň buýurmagy esasynda gurlandygyny aýdýar.

 

Emma TDH bu taslamanyň şol ady agzalan firmalar (“Sabyrly maşgala” hususy kärhanasy, “Güneşli deňiz”, “Kent gurluşyk” hojalyk jemgyýetleri) tarapyndan amala aşyrylandygyny aýdýar.

Şol bir wagtda, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolmagyndan başga, bu kottežleri buýran ýa-da guran firmalaryň eýeleriniň kimlerdigi, olaryň täze dynç alyş şäherçesini nähili serişdeler we haýsy hasaplamalar esasynda, agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigi aýdylýan ýurtda hakykatda kim we näme üçin gurandyklary aýdyňlaşdyrylmaýar.

“Awazada” ähli şertleri bolan kottežler toplumunyň taslamasyny taýýarlamak we ony gurmak barada baryp 2011-nji ýylyň tomsunda yglan edilen halkara tenderini nazara alsaň, türkmen emeldarlarynyň 'kottež' çyrçygy öňräkden bäri dowam edýär.

Häkimiýetler soňky onýyllyklarda ilatyň durmuş, ýaşaýyş şertlerini, dynç alyş mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga niýetlenen dynç alyş desgalarynynyň onlarçasyny, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň müňlerçesini gurandygyny aýdýar. "Watan” habarlarynda tassyklanmagyna görä, “iň ýokary dünýä ölçeglerinde halk köpçüligine hödürlenilýän saglyk-dynç alyş hyzmatlarynyň elýeterliligi” prezident Serdar Berdimuhamedowyň "durmuş ugurly syýasatynyň esasyny düzýär".

Döwlet mediasyndan tapawutlylykda, ýerli ýaşaýjylar we hünärmenler bu binalaryň halk köpçüligi üçin elýeterli däldigini, olaryň köplenç boş durandygyny ýa-da mejbury-meýletin ýagdaýda dolduryljak bolunýandygyny aýdýarlar.

Birnäçe ýyl ozal "Awazada” 5 aýlap işlän, häzir daşary ýurtda ýaşaýan balkanly raýatyň anonimlik şertinde gürrüň bermegine görä, bu ýerde millardlarça dollar harçlanyp gurlan binalar, köplenç ýapyk saklanmagy, ýurduň ilatynyň ýyl-ýyldan garyp düşmegi, daşary ýurtly syýahatçylaryň gelmegine mümkinçilik döredilmezligi sebäpli, esasan jogapkärçiliksizlik, döwlet serişdesini ýele sowurmak bolup görünýär.

Megerem şu sebäpden, türkmen metbugatynda milli syýahatçylyk zolagynyň getirýän ýyllyk, aýlyk girdejileri, ol ýerde işleýän adamlaryň gazançlary, syýahatçylyk biznesinde ýa-da gurluşyk biznesinde baýan firmalar, aýry-aýary adamlar barada anyk maglumatlar çap edilmeýär.

Resmi habarda aýdylmagyna görä, döwlet baştutany Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygyna täze toplum üçin niýetlenen awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy. Emma TDH ozal il içinde öňki prezidentiň “gapjygy” adyny alan Aleksandr Dadaýewiň ornuna bellenen täze başlygyň adyny, "TSTB-niň agzalarynyň mundan beýläk-de tutanýerli zähmet çekip, Watanyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrsa-da, näme üçindir, habarda aýtmady.

"SalamNews” neşiriniň maglumatyna görä, "umumy meýdany 10 gektara deň bolan kottežler toplumynyň gurluşygyna geçen ýylyň ýanwarynda badalga berildi”, “standart, maşgala we lýuks görnüşli 10, 16, 18 otagly kottejlerde dynç almaga gelýän raýatlar üçin ähli zerur mümkinçilikler göz öňünde tutulan”.

Emma resmi habarlar bu toplumyň gurluşygynyň has öňräk başlanandygyny görkezýär.

"Türkmenistanyň Hronikasy” Gurbanguly Berdimuhamedowyň bir ýyl ozal kiçi Berdimuhamedowyň 1-nji awgustda açan kottežlerini gaýtadan reňklemegi buýrandygyny ýatladýar.

Neşiriň maglumatyna görä, bu toplumyň gurluşyk meýilnamasy öňki prezidente 2018-nji ýylyň iýun aýynda görkezildi, şol wagt bu ýerde 48 däl-de, 63 sany kottež gurmakçy bolupdylar.

G. Berdimuhamedow 2021-nji ýylyň iýul aýynda bu toplumyň gurluşygy bilen tanşyp, düýpli nägilelik bildirdi we öz görkezen kemçiliklerini derhal düzetmegi talap etdi. Ol bu topluma şu ýylyň 5-nji maýynda sapar edende eýýäm prezident däldi, Halk maslahatynyň Milli geňeşiniň başlygy hökmünde gelip, oňa prezident döwründe gulagyna ýaran “Rowaç” adyny dakypdy.

Eger ýatlatsak, G.Berdimuhamedow 2019-njy ýylyň başynda doglan we şol wagtky içeri işler ministri Isgender Mulikow tarapyndan sowgat berlen taýçanagy "Rowaç” diýip atlandyrdy. Döwlet eýeçiligindäki media bu taýçanaga “Rowaç” adynyň dakylmagyny “rowaçlygyň subutnamasy” hökmünde wagyz eden hem bolsa, şondan soň Isgender Mulikowyň-da, umumy halk köpçüliginiň hem “rowaçlygy barha peselmek bilen boldy” diýip, ýerli synçylar aýdýar.

Emma ýurtda giň ýaýran korrupsiýa ýol açmakda aýyplanýan  G.Berdimuhamedow öz "Rowaç” taýçanagyna bagyşlap goşgy ýazdy, soň ony agtygy Kerimguly bilen aýdym edip aýtdy. Mundan başga, ol 2019-njy ýylyň tomsunda "Awazada” synlan bir ýahtasyna hem “Rowaç” adyny dakdy. 2019-njy ýylyň dekabrynda bolsa, Balkan sebitinde açylan täze oba “Rowaç” ady dakyldy.

Türkmen diliniň sözlüginde “şowlulyk”, “üstünlik”, “oňaýlylyk” hökmünde düşündirilýän “rowaç” sözi, synçylaryň köpüsiniň pikirlerine görä, Türkmenistandaky hakyky ýagdaýy aňlatmaýar.

“Bu söz, belki-de, Berdimuhamedowlaryň maşgalasy, olaryň ýakyn töweregi, Senagatçylar we telekeçiler birleşigindäki iş şärikleri babatynda ulanylanda öz hakyky manysyny berýändir, emma ol türkmenistanlylar babatynda beýle däl; halk hakykatda üç prezident döwründe hem nädogry, netijesiz dolandyryşyň, çuň kök uran korrupsiýanyň pidasy boldy” diýip, Azatlygyň balkanly söhbetdeşi aýtdy.

Bu pikir bilen Awstriýada ýaşaýan raýat aktiwisti, öňki ilçi we Türkmenistanda giň ýaýaran korrupsiýa praktikasyndan habarly Nurmuhammet Hanamow hem ylalaşýar.

“Bu gurulýan gurluşyklar, hususan-da Awazada, hemme gurluşygyň arkasynda korrupsiýa dur. Diňe şol korrupsiýa üçin edilýän zatlar” diýip, ol Azatlyk bilen telefon gürrüňinde aýtdy. Ýöne N.Hanamow şu ýagdaýda hem çykalga tapyp boljakdygyny, birinjiden, ýurt içindäki ilata şol dynç alyş desgalarynda dynç almak üçin ýeňillikli şert döretmelidigini, ikinjiden, daşary ýurtlardan geljek syýahatçylara, öňki sowet giňişliginiň adamlaryna, şol sanda etniki türkmenlere giň ýol açmalydygyny, ýogsa bu gurulýan desgalaryň gitdigiçe dargamak bilen boljakdygyny aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.







Весь мир чипировали умом Ленина?! Раскрыта загадка Мавзолея В.И. Ленина. Проект "Святой Ленин".

До плюс 50 градусов: Каким городам России грозит аномальная жара летом 2024 года. Опубликован список

Доктор Кутушов назвал болезни, которые поджидают отдыхающих у водоёмов

Дивный новый мир цифровизации: в Москве пройдет Форум «Время цифры»


Пегас сделал важное заявление по Египту: стали известны цены на туры на предстоящую зиму

Конференция «Общество и психическое здоровье» прошла в Ставрополе

«585*ЗОЛОТОЙ» выступила партнером медиафестиваля творческой молодежи YOUPITER

Фотопрогулка по советским городам. Классная серия!


When Narine asked Gambhir 'can I bring my girlfriend to IPL?'

Brentford B and Tiverton Town Friendlies Announced

Where to find Real Madrid vs Dortmund on US TV: June 1, 2024

Rangers backed into a corner, must beat Panthers on road to force Game 7


Доступный, летний, твой – StarLine A60 BT GSM ECO

Российские топ-компании получили предложение привезти на ПМЭФ Канье Уэста...за $1 млн

Преступления мигрантов с рынков азербайджанского олигарха Года Нисанова продолжают шокировать Москву

РОССИЮ ОЖИДАЕТ ПЛЮС 50 ГРАДУСОВ: КАКИМ ГОРОДАМ ЖДАТЬ АНОМАЛЬНУЮ ЖАРУ


Четвёртое дополнение Age of Wonders 4: Eldritch Realms завершит первый цикл поддержки игры

Видеоновости: Дата релиза Tarisland, Zenless Zone Zero и Auroria, релиз Construction Simulator 4 и бета NFS Assemble

"Расхитительница гробниц: Легенда о Ларе Крофт" получила дату выхода и тизер

Gamesblender № 676: God of War: Ragnarok на ПК, осенний ремейк Silent Hill 2 и новости Warhammer



На борту самолета, летевшего из Москвы в Турцию, из-за жары погибла кошка якутского пилота

Более 40 тысяч семей в Москве и области получают ежемесячные выплаты из средств материнского капитала

В филиалах АО "Желдорреммаш" прошли мероприятия ко Дню защиты детей

Весь мир чипировали умом Ленина?! Раскрыта загадка Мавзолея В.И. Ленина. Проект "Святой Ленин".


Источник 360.ru: во «Вкусно — и точка» в Москве произошла утечка азота

Весь мир чипировали умом Ленина?! Раскрыта загадка Мавзолея В.И. Ленина. Проект "Святой Ленин".

Рейтинг 100 самых продаваемых франшиз России на 2024

«Попросил принести зеркало — занимался и плакал»: Костомаров — о мотивации, творчестве, публичности и занятиях спортом


В топовых отелях Екатеринбурга закончились номера из-за альтернативной Олимпиады

Завод переработки металла построили на земле за 1 рубль в Домодедове

На Дмитровке сыграют в жульбак

Дом в ЖК «Берег» Подмосковья поставлен на кадастр


Синнер повторил достижение Джоковича и Надаля по победам на "Больших шлемах"

Главный русский теннисист заставил Париж аплодировать ему стоя. Что удалось Осьминогу Медведеву?

Бывшая российская теннисистка спела гимн Франции: «Я здесь дома»

Потапова о поражении от Свентек на "Ролан Гаррос": организм дал сбой


Кирпич, упавший с крыши, чуть не убил маму с двухлетним ребенком

На Дмитровке сыграют в жульбак

В Москве капитально отремонтируют дом, где живет композитор Александра Пахмутова

В ЛЭТИ пройдет презентация второго профориентационного конкурса «Первое рабочее место» от БФ «Система»


Музыкальные новости

Самойлова о поездке Джигана на «Выжить в Дубае»: «Поставила перед фактом, а он молился, чтобы рейс отменили»

Петербургский театр имени Шаляпина покажет мюзикл «Вымыслы» по сказкам Пушкина

В Йошкар-Оле с большим успехом прошел IV этап культурного проекта «Классика: история и современность»

Депутат Ахмадинуров раскритиковал наряд Бузовой на выступлении в Уфе


Весь мир чипировали умом Ленина?! Раскрыта загадка Мавзолея В.И. Ленина. Проект "Святой Ленин".

На борту самолета, летевшего из Москвы в Турцию, из-за жары погибла кошка якутского пилота

Филиал № 4 ОСФР по Москве и Московской области информирует: Свыше 5,2 миллиона жителей Московского региона получают набор социальных услуг в натуральном виде

Более 40 тысяч семей в Москве и области получают ежемесячные выплаты из средств материнского капитала


Книжные новинки, лаборатория текста и иллюстраций — ждут гостей Московского детского фестиваля искусств «НЕБО»

Собянин: Около обновленных поликлиник создано более 600 зон отдыха

По благословению схиархимандрита Илия в Орловской области построена православная гимназия

Один из лидеров «Салавата Юлаева» подписал контракт с ЦСКА: теперь официально


Отзывы об EXEED VX: что говорят владельцы в 2024 году

Как узнать совместимость запчастей на авто?

Как подобрать запчасти на китайские авто?

Первое историческое ралли в Москве 2 июня 2024


Ташкент становится для Москвы точкой опоры – Астана проигрывает, уходя под Запад

Москва рассчитывает на большую поддержку от банков КНР

Российские ракеты средней дальности могут появиться под боком восточноазиатских сателлитов США

Путин 7 июня выступит на ПМЭФ и будет говорить не только об экономике




В Архангельске медики России обменялись методиками оказания офтальмологической помощи

Судебная система России защитила врача «Евроонко» Екатерину Тимофееву, поддержав ее позицию в споре с некой травницей, обещающей вылечить рак с помощью фиточая

Выставку ко Дню медицинского работника подготовили в центрах госуслуг

"Все ждали, что Москва будет Третий Рим…". Заявление Калныньша вызывает беспокойство о его здоровье


Зеленский признал, что у солдат ВСУ едет крыша, и попросил "психиатрического подкрепления"


Один из лидеров «Салавата Юлаева» подписал контракт с ЦСКА: теперь официально

Пятеро саратовских гребцов выступят на играх БРИКС

«Зенит» добыл волевую победу в матче с «Балтикой» и завоевал Кубок России

В филиалах АО "Желдорреммаш" прошли мероприятия ко Дню защиты детей



Собянин: Около обновленных поликлиник создано более 600 зон отдыха

Собянин: Новый корпус больницы святого Владимира планируется открыть в 2025 году

Сергей Собянин рассказал о новых трамвайных линиях в Москве

Собянин: На северо-западе Москвы открылся волонтерский центр «Доброе место»


Поезд проехал через горящий лес в Бурятии

XV Международный форум «Экология» состоится в городе 4-5 июня

Орнитологи напомнили москвичам, как вести себя при встрече с птенцами

В Рослесхозе заявили, что площадь пожаров в РФ превысила 650 тыс. га


Росгвардейцы обеспечили безопасность во время футбольного матча в Москве

Как выбрать круизный тур летом: советы эксперта

В ЛЭТИ пройдет презентация второго профориентационного конкурса «Первое рабочее место» от БФ «Система»

В топовых отелях Екатеринбурга закончились номера из-за альтернативной Олимпиады


В Архангельске подвели итоги III Всероссийского форума «Арктика. Лёд тронулся»

В филиале фонда «Защитники Отечества» в Архангельской области подвели итоги первого года работы

Архангельская область подключается к марафону "Сила России"

В Архангельске медики России обменялись методиками оказания офтальмологической помощи


Первый автобус «Санкт-Петербург — Симферополь» вышел на маршрут

Арт-знакомство «Искусство должно давать счастье и радость»

ВТБ начал выдавать ипотеку на жилье в Крыму

Выставка-представление «Не просто город, а судьба, которой я не устаю гордиться!»


Делегация Крыма планирует заключить меморандумы на 39,5 млрд рублей на ПМЭФ

ГК «Садовое кольцо» получила «серебро» на премии Silver Mercury XXV

Свыше 17 тысяч специалистов в Москве воспользовались льготной ИТ-ипотекой

Готовимся к появлению малыша вместе с Ottino














СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *