"Türkhowaýollary" sentýabrda Türkmenistana ýörite uçar gatnawlaryny amala aşyrar
"Türkhowaýollary" awiakompaniýasy sentýabr aýynda her hepdäniň duşenbe we anna günleri ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär diýip, hökümetçi "SalamNews" neşiri türk awiakompaniýasyna salgylanyp habar berdi.
Hökümetçi “Türkmenportl” neşiriniň “Orient” neşirine salgylanyp ýazmagyna görä, türk howa ýollarynyň wekilleri Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda yzygiderli amala aşyrylýan uçar gatnawyny dikeltmegiň bu golaýda meýilleşdirilmeýändigini aýdypdyrlar.
Awiakompaniýanyň maglumatyna görä, sentýabr aýynda amala aşyryljak ýörite uçar gatnawlarynyň ählisi Stambul — Türkmenbaşy — Stambul ugry boýunça ýerine ýetiriler.
Uçar ýerli wagtlar bilen sagat 15:00-da Stambul şäherinden uçar we sagat 19:55-de Türkmenbaşy Halkara howa menziline gonar; 22:25-de Türkmenbaşy şäherinden ugrap, 23:50-de Stambul şäherine gonar.
Maglumatlar sentýabr aýynda amala aşyryljak ähli ýörite uçar gatnawlaryna degişli.
“Türkmenportal” neşiriniň maglumatyna görä, biletleriň bir tarapy $698 (ykdysady) we $1495 (biznes) bahalanýar. Ýanyň bilen tölegsiz getirilýän ýüküň agramy 40 kg.
Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky yzygiderli uçar gatnawy global pandemiýa sebäpli 2020-nji ýylyň mart aýynda togtadyldy we, dünýäniň beýleki ýurtlarynyň hökümetlerinden tapawutlylykda, kyn ýagdaýa düşen raýatlarynyň haýyşlaryna garamazdan, Türkmenistan daşary ýurtlarda galan migrantlary watana dolamak işindäki haýal-ýagallygyň mümkin bolan sebäplerini düşündirmeýär.
Stambul aeroportunda uçara garaşýan we türkmen häkimiýetlerinden açyk düşündiriş alyp bilmeýän türkmenistanlylar öz meseleleriniň çözülmegi üçin türk häkimiýetlerinden kömek soraýarlar.