Gyrgyz prezidenti Russiýada wepat bolan 14 gyrgyzystanlynyň jesediniň derrew ýurduna getirilmegini buýurdy
Russiýanyň Ulýanowsk sebitinde bolan köçe-ýol hadysasynda 16 adam heläk boldy. Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrliginiň maglumatyna görä, olaryň 14-si Gyrgyzystanyň raýatlary bolup çykdy. Ýene üç gyrgyzystanly keselhana äkidildi.
Ýol hadysasy Nikolaýewskiý etrabynyň Praskowino hem-de Nowospasskoýe obalarynyň arasyndaky M-5 “Ural” ýolunda boldy.
Sosial media ulanyjylary wakanyň bolan ýerinde düşürilen wideo ýazgylaryny we suratlary paýlaşýarlar.
Olaryň aýtmaklaryna görä, betbagtçylyk yzdan gelýän ýük maşynynyň ýoluň gyrasynda saklanan mikroawtobusa gelip urmagy netijesinde bolupdyr.
Ulýanowsk sebitiniň gubernatory Alekseý Russkih öz telegram kanalynda Nikolaýewskiniň etrap hassahanasynyň lukmanlarynyň diri galan üç adamyň janyny halas etmäge çalyşýandygyny aýtdy.
“Iki erkek we bir aýal agyr ýagdaýda, olara zerur bolan lukmançylyk kömegi berilýär” diýip, ol aýtdy.
Gyrgyzystanyň Russiýadaky ilçihanasynyň işgärleri konsullyk we hukuk kömegini bermek üçin wakanyň bolan ýerine gitdiler.
Keselhana ýerleşdirilen erkekleriň biriniň doganoglany Kubanyçbek Erkinjan Uulu özüniň we beýleki gyrgyz migrant işçileriniň rus-gazak serhedinden gaýdyp gelýän başga bir ulagda bu waka gözli şaýat bolandygyny aýtdy.
Erkinjan Uulu Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda "Biziň adamlarymyzyň münen mikroawtobusy garaşyp duran ulaglaryň hatarynda, ullakan ýük awtoulagynyň yzynda garaşýardy, başga bir uly ulag ýeňse tarapyndan gelip, ony hakykatda mynjyratdy” diýdi.
Heläk bolan adamlar, rus kanunlarynyň talaby esasynda, belli bir wagtdan soň ýurtdan çykmak we täzeden gelip, iş durumlaryny täzelemek zerurlygy üçin ýola çykypdyrlar.
Prezident Sadyr Žaparow Daşary işler ministrligine, Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligine we ýurduň howa menziliniň administrasiýasyna Russiýanyň Ulyanowsk sebitinde wepat bolan 14 gyrgyz raýatynyň jesetleriniň haýal etmän Gyrgyzystana getirilmegini guramagy buýurdy.
Žaparowyň metbugat gullugy 22-nji awgustda 21-nji awgustda bolan hadysada ölenleriň garyndaşlaryna, dostlaryna we kärdeşlerine gynanç bildirip, beýanat çap etdi.
23-nji awgust tutuş ýurt boýunça ýas güni diýip yglan edildi.
Russiýanyň Derňew komiteti ýol hadysasy boýunça derňew işine başlady.