Türkmenistan Türkiýeden türkmen raýatlary üçin wiza düzgünini girizmegi sorady
Türkmen häkimiýetleri Türkiýe döwletine Türkmenistanyň raýatlary üçin wagtlaýyn esasda dürli görnüşli wiza düzgüniniň girizilmegi barada ýüzlendiler. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi 3-nji sentýabrda beýanat çap etdi.
Ministrligiň beýanatynda türkmen tarapynyň "Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkiýe Respublikasynda bolmaklary bilen bagly düzgünleri kämilleşdirmek we ulgamlaýyn esasda alyp barmak" maksady bilen, şeýle karary kabul edendigi aýdylýar.
Ýöne ýekeje sözlem bilen halk köpçüligine ýetirilen we ýüzlerçe müň adama täsir ýetirjek bu kararyň sebäpleri, şeýle-de "wagtlaýyn esasdadygy" aýdylýan wiza düzgüniniň haçana çenli dowam etjekdigi barada jikme-jik maglumat berilmeýär.
Bellesek, häzire çenli Türkiýe türkmenistanlylardan 30 güne çenli wiza talap etmeýär. Şeýle-de Türkiýe, türkmen raýatlarynyň okuw ýa-da zähmet migrasiýasy, şeýle-de söwda etmek üçin iň köp saýlaýan ýurtlaryndan biri hasaplanýar.
Türkmen DIM-niň bu beýanaty Türkmenistanyň raýatlary üçin ozal wizasyz syýahat etmäge mümkinçilik döredilen käbir ýurtlarda, şol sanda Türkiýede indi ýörite giriş rugsatnamasynyň soralýandygy barada maglumatlaryň peýda bolmagynyň yz ýanyna gabat geldi.
5-nji awgustda Turkmen.news neşiri öz çeşmelerine we sosial ulgamlardaky ýazgylara salgylanyp, türkmen ýolagçylarynyň Türkiýä wizasyz goýberilmeginiň togtadylandygyny habar berdi.
“Stambula amala aşyrylýan çarter uçarlaryndan peýdalanmakçy bolýan ençeme adama, Türkiýäniň ilçihanasyndan ýörite ‘wauçer’ almalydygyny, muny hem wizany düzetmek üçin, soňra syýahatçylyk agentligine eltmelidigini aýtdylar. Bu hili wizasy bolmadyk ýolagçylaryň birnäçesini uçardan düşürdiler” diýip, neşir belledi.
Şol günlerde sosial ulgamlarda käbir türkmenistanly ulanyjylar Gürjüstanyň aeroportunda hem özlerinden wiza soralandygyny, ýogsa ozalky tertibe laýyklykda bu günorta kawkaz ýurdunda bir ýyla çenli wizasyz galyp bolandygyny ýazdylar.
Awgustyň ahyrynda bolsa, Türkiýäniň uniwersitetlerinde okamak isleýän türkmen raýatlarynyň wiza üçin ençeme resminama ýygnamaly bolýandygy habar berildi.
Türkmenistanyň Türkiýeden türkmen raýatlary üçin wiza düzgüniniň girizilmegini soramagy, häkimiýetleriň Türkiýede galan raýatlaryny köpçülikleýin ýagdaýda watanyna dolamagy göz öňünde tutýandygy, beýleki tarapdan bolsa, eklenç aladalary zerarly ýa-da ýokary okuw maksady bilen Türkmenistany terk etmäge çalyşýan raýatlaryň köpelýändigi barada habarlaryň gowuşýan mahalyna gabat geldi.
11-nji awgustda habarçymyzyň bir söhbetdeşi Türkiýä gitmek üçin 5000 dollar möçberinde pul soraýan taraplaryň bardygyny we bu puluň içine ähli kagyz işleriniň we uçar bilediniň töleginiň girýändigini gürrüň berdi.
Galyberse-de, Türkmenistanyň DIM-niň ýüzlenmesi, Türkiýedäki türkmen migrantlarynyň arasynda aktiwizmiň işjeňleşen, türkmen häkimiýetleriniň ýurduň demografiki krizisiň bosagasynda durandygy baradaky aladalarynyň artýan mahalyna, şeýle-de şu ýylyň aýagynda geçirilmeli ilat ýazuwynyň öň ýanyna gabat geldi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.