Türkmenistan Kabulda rus wekilhanasynyň ýanynda guralan 'terrorçylykly hereketi' ýazgarýar
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Kabuldaky rus ilçihanasynyň golaýynda 5-nji sentýabrda bolan terrorçylykly hereketi ýazgardy.
Türkmen DIM-niň 6-njy sentýabrda çap eden beýanatynda Ministrligiň RF-nyň Kabuldaky Ilçihanasynyň konsullyk bölüminiň golaýynda bolan we Russiýanyň diplomatik wekilhanasynyň işgärleriniň we owgan raýatlarynyň ölümine sebäp bolan “terrorçylykly hereketi berk ýazgarýandygy” aýdylýar.
Beýanatda Türkmenistanyň, terrorçylyga garşy halkara göreşe işjeň gatnaşyjy hökmünde, dünýä jemgyýetçiliginiň terrorçylyga garşy göreşmek ugrundaky tagallalaryny has-da berkitmäge çagyrýandygy nygtalýar.
Şeýle-de, türkmen DIM-i wepat bolan rus kärdeşleriniň maşgalalaryna, garyndaşlaryna we dostlaryna çuňňur gynanç bildirýär.
Bu hüjümiň jogapkärçiligini YD toparynyň ýerli bölümi öz üstüne aldy.
Kabul polisiýasynyň metbugat sekretary Halid Zadran Azatlyk radiosynyň Owgan gullugyna bu hüjümde konsullyk hyzmatlaryna garaşýan dört owganystanlynyň öldürilendigini we 10-dan gowrak adamyň ýaralanandygyny aýtdy.
Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň çap eden beýanatynda hüjümiň Kabul wagty bilen sagat 10: 50-de, "Russiýanyň Kabuldaky ilçihanasynyň konsullyk bölüminiň girelgesiniň golaýynda" bolandygy aýdyldy.
Beýanatda ölenler barada jikme-jik maglumat berilmedi, ýöne Russiýanyň “Nowosti” habar gullugynyň biraz öň beren habarynda bir diplomatyň we bir howpsuzlyk işgäriniň ýaralanandygy aýdyldy.
Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow bu wakany “terrorçylykly hereket” diýip atlandyrdy.