Gazak parlamenti Nazarbaýew bilen baglanyşykly baýramçylygy ýatyrdy
Senat, Gazagystanyň parlamentiniň ýokarky palatasy 22-nji sentýabrda Merkezi Aziýa döwletiniň ilkinji prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň hormatyna döredilen döwlet baýramçylygyny ýatyrmak baradaky teklibi tassyklady.
Birinji Prezidentiň güni diýen at bilen her ýylyň 1-nji dekabrynda bellenilýän baýramçylygy ýatyrmak baradaky kanun prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň özüni öňki prezidentden daşlaşdyrmak ugrunda görýän çäreleriniň häzirlikçe iň soňkusy boldy.
Birinji Prezidentiň güni 2012-nji ýylda döwlet baýramçylygy hökmünde bellenip başlandy.
Mejlis, parlamentiň aşaky palatasy tarapyndan sentýabr aýynyň başynda tassyklanan kanun taslamasy Tokaýew kanuna gol çekenden soň güýje girer.
Senatyň kanun taslamasy Tokaýewiň Gazagystanyň paýtagtynyň adyny Nur-Soltandan Astana üýtgetmek baradaky karary güýje gireninden üç gün soň tassyklandy.
Şu aralykda prokurorlar kazyýetden öňki prezidentiň ýegeni Kaýrat Satybalda, emlägini elinden almak bilen, 6 ýyl iş kesilmegini sorady.
Şeýle-de, döwlet prokuraturasy Satybaldyny "Gazagystanyň milli howpsuzlyk edaralarynyň general-maýory" diýen ýörite derejesinden, "Kurmet", "Parasat" ordenlerinden mahrum etmek barada Gazagystanyň prezidentine teklip hödürlemegi soraýar.