ABŞ BMG-niň Adam hukuklary Geňeşinde Hytaýyň uýgurlar babatyndaky çärelerini maslahat etmäge çagyrýar
Birleşen Ştatlar we onuň Günbatar ýaranlarynyň uly bölegi BMG-niň Adam hukuklary Geňeşinde Hytaýyň Sinjiang regionynda uýgurlary, şeýle-de beýleki musulman azlyklary gysýandygy baradaky maglumatlar boýunça ýörite debaty geçirmäge çagyrdylar.
Diplomatlar bu baradaky ABŞ-nyň, Kanadanyň, Britaniýanyň, Daniýanyň, Finlýandiýanyň, Norwegiýanyň we Şwesiýanyň “deslapky kararynyň” Geňeşiň öňümizdäki ýylyň başynda geçirilmeli nobatdaky sessiýasynda bu meseläniň maslahat edilmegini göz öňünde tutýandygyny belleýärler.
“Adam hukuklarynyň bu hili aýylganç we sistematiki depelenmegini gözden düşürip bilmeýäris” diýip, Britaniýanyň ilçisi Siman Manleý aýtdy.
Birleşen Ştatlar, ençeme ýyllaryň dowamynda ýygnalan şaýatlaryň görkezmeleri we beýleki deliller esasynda, hytaý resmilerini genosidde aýyplady. Maglumata görä, 1 milliona golaý uýgur ýörite lagerlerde saklanýar we olaryň hak-hukuklary köpçülikleýin ýagdaýda depelenýär.
BMG-niň adam hukuklary boýunça soňky komissary Mişelle Baçelet, geçen aý wezipesinden gitmezinden ozal beýanat ýaýradyp, hytaý resmilerini “adamzada garşy jenaýatda” we “gynamalarda” aýyplady.
Pekin Sinjiangdaky alyp barýan çärelerini gazaply ekstremizme garşy göreş türgenleşikleri atlandyrýar.