Nýu-Ýorkda türkmen syýasy tussaglarynyň goldawyna ýeke adamlyk piket gurnaldy
BMG-niň Nýu-Ýorkdaky baş edarasynyň öňünde türkmen syýasy tussaglarynyň goldawyna ýeke adamlyk piket geçirildi diýip, “Turkmen News” neşiri habar berýär.
Protest çäresini Türkmenistanda syýasy tussag hasaplaylýan bendileriň biri Mansur Mingelowyň daýzasy Nurjan Suzer gurady. Ol bir elinde Türkmenistanyň baýdagyny, beýleki elinde tussaglykdaky ýegeniniň portrerini tutup durdy we, diňe Mingelowyň däl, Nurgeldi Halykowyň, Hursanaý Ismatullaýewanyň, Pygambergeldi Allaberdiýewiň we beýleki tussaglaryň haýal etmän azatlyga goýberilmegine çagyrdy.
Onuň elinde beýleki tussaglaryň hem suratlary bardy diýip, habarda bellenýär.
Bu protest BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisiniň geçirilýän wagtyna gabat guraldy. Oňa Türkmenistanyň bu guramadaky hemişelik wekili Aksoltan Töräýewa gatnaşýar.
"Türkmenistanda syýasy tussaglaryň sany ýylsaýyn artýar" diýip, Nurjan Süzer aýdýar. – Hamala kezzaplyk, neşe serişdeleri, pornografiýa, saglyga zyýan ýetirendigi üçin tussag edýärler... Prezident täzelendi, ýöne kazyýet işleriniň galplaşdyrylmagy dowam etdirilýär we, neşe bilen bagly tussaglar boşadylsa-da, ozal günäli tapylanlaryň hiç biri-de boşadylmaýar” diýip, Nurjan Suzer aýdar.
Türkmenistanda Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli yglan edilen günä geçişde 829 türkmen raýaty we 4 daşary ýurt raýaty türmeden boşadyldy.
Azatlyga çykanlaryň arasynda 2016-njy ýylda uly mukdarda neşe maddalaryny saklamakda günäli tapylan we 15 ýyl türme tussaglygyna höküm edilen Nazir Habibowyň hem bardygy aýdylýar. Türkmen telewideniýesi onuň “neşe serişdelerini ulanandygyny” boýun alyp, öz-özüni ýazgarýan widosyny efire beripdi.
Günä geçişe düşenleriň atlary çap edilmeýär we, ýyllaryň tejribesine görä, türkmen häkimiýetleri adatça syýasy tussag hasaplanylýan adamlaryň günäsini geçmegi zerur hasaplamaýarlar.