Alyýew: Azerbaýjan bilen Ermenistan gelýän aýlarda parahatçylyk şertnamasyna gol çekip biler
Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew 2022-nji ýylyň aýagyna çenli Ermenistan bilen parahatçylyk şertnamasyna gol çekilip bilinjekdigini aýtdy.
"Ermeni tarapynyň islegi bar bolsa, şu ýylyň aýagyna çenli parahatçylyk şertnamasyna gol çekilip bilner. Wagt geçýär. Daşary işler ministrleriniň ilkinji duşuşygy üstünlik getirmese-de, bu oňyn ädim diýip pikir edýärin. Meniň pikirimçe, eger ýakyn wagtda karar kabul edilse, taraplar iş toparlarynyň çäginde parahatçylyk şertnamasynyň tekstiniň üstünde işläp başlasa, ýylyň ahyryna çenli ylalaşyk gazanyp bileris" diýip, ol aýtdy.
Ol Ermenistanda-da, ÝB-de hem Azerbaýjan tarapyndan teklip edilen parahatçylyk şertnamasynyň esasy bäş ýörelgesi barada soragyň ýokdugyny aýtdy.
"Bu tebigy zat, sebäbi biz täze bir zat oýlap tapmaýarys. Gatnaşyklary kadalaşdyrmak isleýän ýurtlar şu ýörelgelere esaslanýar" diýip, Azerbaýjanyň prezidenti sözüniň üstüni ýetirdi.
Sentýabr aýynda Ermenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky konfliktiň ýitileşmegi netijesinde 200-den gowrak adam öldi: Ýerewanda ýurduň 135 esgeriniň ölendigi yglan edildi, Bakuwda 77 azerbaýjan esgeriniň ölendigi barada habar berildi.
Bu iki ýurduň arasyndaky çaknyşyklaryň soňky iki ýylda iň çynlakaý ýitileşmesi boldy.