HRW gazak häkimiýetleriniň garagalpak aktiwistlerini Özbegistana deportasiýa etmeli däldigini aýdýar
Human Rights Watch (HRW) Gazagystanyň häkimiýetleriniň garagalpak diasporasynyň dört sany aktiwistini Özbegistana ekstradisiýa etmeli däldigini, sebäbi olaryň bu ýerde syýasy sebäplere görä yzarlamalaryň we gynamalara sezewar edilmegiň çynlakaý töwekgelçilikleri bilen ýüzbe-ýüz bolup biljekdigini aýtdy.
Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän hukuk guramasy bir ýyl mundan ozal Gazagystana göçüp gelen dört aktiwistiň hemmesiniň Özbegistanyň Awtonom Garagalpagystan Respublikasynyň özygtyýarlylygyny goramagyň tarapynda çykyş edendigini aýtdy. Garagalpagystanda şu ýylyň başynda teklip edilen konstitusiýa üýtgetmeleri sebäpli nägilelik protestleri döräpdi.
"Özbek häkimiýetleri Garagalpagystanda iýul aýynda bolan demonstrasiýalara berk garşylyk görkezmek üçin garagalpak diasporasynyň aktiwistlerini nyşana alýana meňzeýär" diýip, Human Rights Watch guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça ýokary derejeli ylmy işgäri Mihra Rittmann 14-nji oktýabrda ýaýradylan beýanatda aýtdy.
"Bu aktiwistler zor bilen Özbegistana iberilse, olaryň yzarlamalaryň we gynamalara sezewar edilmegiň çynlakaý töwekgelçilikleri bilen ýüzbe-ýüz bolup biljekdigi ikuçsyzdyr we "kanun boýunça Gazagystan olary şeýle şertlerde yzyna iberip bilmeýär" diýip, ol sözüne goşdy.
Rittman Gazagystanyň häkimiýetleriniň aktiwistleriň ekstradisiýa edilmegi baradaky haýyşy ret edip, olary boşatmalydygyny hem aýtdy.
Guramanyň maglumatyna görä, dört aktiwist özbek häkimiýetleri tarapyndan halkara gözlenýänleriň sanawyna ýerleşdirilenden soň, gazak polisiýasy olary 13-15-nji oktýabr aralygynda Almatyda tussag etdi.