Gyrgyz polisiýasy ondan gowrak aktiwisti we syýsatçyny tussag etdi
Gyrgyz polisiýasy, Özbegistan bilen serhet şertnamasynyň taslamasyna garşy bolandyklary üçin, ondan gowrak raýat aktiwistiniň we syýasatçynyň öýüni dökdi.
Adam hukuklaryny goraýjy Aziza Abdirasulowanyň sözlerine görä, birnäçe adam 48 sagatlap tussag edildi.
Polisiýa tussag edilenleriň takyk sanyny bermedi. Içeri işler ministrligi biraz öň köpçülikleýin bidüzgünçilik geçirmek üçin görülýän taýýarlygy derňeýändigini aýtdy.
Öý dökülmeleri Gyrgyzystan bilen Özbegistanyň iki ýurduň arasyndaky ähli ýer dawalaryny çözjek serhet kesgitlemesi şertnamasyna gol çekilmegine garaşylýan wagtynda boldy.
Ylalaşygyň taslamasyna görä, Gyrgyzystan 4485 gektar meýdany eýeleýän Kempir-Abad suw howdanyny, başga bir ýerde 19,000 gektardan gowrak ýeriň deregine, Özbegistana tabşyrar.
1983-nji ýylda gurlan suw howdany bol hasylly Ferghana jülgesinde ýerleşýär we sebitdäki möhüm suw çeşmesi bolup durýar.
35 million ilatly ýurt, Gyrgyzystanyňkydan bäş esse köp ilaty bolan Özbegistan bu suwuň has köp köp bölegini ulanýar.
Iki ýurduň arasynda 1,300 kilometerden gowrak uzynlykdaky araçäk bar.