Irkutsk: Harby uçar iki gatly jaýyň üstüne ýykyldy
Irkutskda harby uçar iki gatly jaýyň üstüne gaçdy. "112" telegram kanalynyň habaryna görä, Su-30 kysymly söweş uçary awiazawoddan uçanyndan soň heläkçilige uçrady.
“Sota” kanalynyň deslapky maglumatlaryna görä, uçarmanlaryň ikisi-de öldi. Ýangyn meýdany 200 inedördül metre ýetdi.
Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi Irkutskda uçar heläkçiliginde iki pilotyň ölendigini tassyklady. Şeýle-de ministrlik ilat arasynda ölenleriň ýokdugyny aýtdy.
Irkutsk sebitiniň häkimi Igor Kobzew uçarmanlaryň ikisiniň-de ölendigini tassyklady.
Ýerli ýaşaýjylardan hiç kim ejir çekmedi. Heläkçiligiň bolan ýeriniň anyklanan salgysy Pržewalskiý köçesiniö 23-nji jaýy, iki maşgala üçin gurlan 100 inedördül metrlik hususy jaý" diýip, ol telegramda ýazdy.
Derňew komitetiniň habaryna görä, Irkutskda heläkçilige uçran Su-30 awiakompaniýa degişli bolup, ok-därisiz geçirilen synagy ýerine ýetiripdir.
17-nji oktýabrda Russiýanyň Krasnodar sebitindäki Ýeýskiň ýaşaýyş etrabynda bolan harby uçar heläkçiliginde uçarmanlar aman galdy, emma onuň gaçan ýerinde 15 adam öldi, 19 adam ýaralandy.