Türkmen prezidenti ýene bir 'kemçilik' goýberen resmini işden boşatdy
Türkmenistanyň prezidenti, “işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin” diýip, Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradowy wezipesinden boşatdy.
Bu habar hökümet başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary we welaýat häkimleri bilen geçiren iş maslahatynyň yz ýanyna gabat geldi.
Sanly ulgam arkaly geçirilen maslahatda oba hojalyk toplumyndaky işleriň ýagdaýy, sebitlerde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär.
Serdar Berdimuhamedow sebitlerdäki oba hojalyk işleri barada berlen ‘gowy’ hasabatlary diňläp, ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak meselesindäki haýal-ýagllyklardan nägileleigini bildirdi.
Şeýle-de ol bugdaý ekişi baradaky meselä ünsi çekip, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilmelidigini ýatlatdy.
Prezidentiň argosenagat toplumynyň ýolbaşçylaryna bildiren nägileligi öňki prezident Gurbanguly Berdimuhmdowyň golaýda oba hojalygyndaky meseleleri bölekleýin boýun alyp, önüm bolçulygynyň döredilmezliginde häkimleri aýyplap eden çykyşynyň yz ýanyna gabat geldi.
Türkmenistanda oba hojalyk ýolbaşçylary yzygiderli tankytlanýar, täzelenýär, ýöne pudakdaky meseleler, näme üçindir, açyk maslahatlaşylmaýar.