Aşgabatda Çagalar gününe gabatlanan kitap ýarmarkasy geçirilýär
18-nji noýabrda Aşgabatda kitap ýarmarkasy geçiriler diýip, türkmen metbugaty 17-nji noýabrda habar berdi.
Ýarmarka Bütindünýä çagalar gününi dabaraly bellemek maksady bilen guralýar, onuň dowamynda çagalar üçin dürli kitaplary, oýunjaklary satyn almaga mümkinçilik dörediler, gurjak teatrynyň gahrymanlarynyň çykyşlary we sirk oýunlary görkeziler diýip, "Türkmenportal” ýerli media salgylanyp habar berýär.
Mundan başga, çäräniň dowamynda “Bagtyýarlyk” söwda merkeziniň çagalar meýdançasynyň ähli çagalar üçin tölegsiz ediljekdigi aýdylýar.
Bu çäre Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Bütindünýä filosofiýa gününiň bellenmeginiň we Filosofiýa klubynyň resmi taýdan açylmagynyň bir gün yzyndan geçirilýär.
Çäräni gurnaýjylar meşhur şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň eserlerine aýratyn üns berdiler, studentler pelsepe, etika, epistemologiýa, metafizika, logika we psihologiýa boýunça sergi guradylar diýip, “Arzuw” neşiri habar berdi.
Türkmenistanda soňky otuz ýylda onlarça ýazyjy dilden berlen görkezmeler esasynda gara sanawa salyndy we olaryň kitaplary düýbünden çap edilmeýär ýa-da örän seýrek ýagdaýda çap edilýär.
“Gadagan” ýazyjylaryň arasynda çuňňur filosofiki pikirlere ýykgan edýän şahyrlaryň, çagalar üçin eser ýazan we ýazýan ýazyjylaryň hem bardygy aýdylýar.