Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Декабрь
2022
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30
31

2022-nji ýyl Türkmenistanda prezidentligiň 'maşgala mirasdüşerligi' arkaly geçirilmegine şaýat boldy

0
2022-nji ýyl Türkmenistanda prezidentligiň 'maşgala mirasdüşerligi' arkaly geçirilmegine şaýat boldy

Aramyzdan gidip barýan 2022-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanda iň möhüm syýasy waka, gürrüňsiz, ýokary döwlet wezipesiniň ata Gurbanguly Berdimuhamedowdan ogul Serdar Berdimuhamedowa geçirilmegi boldy.

Ýöne, dogrusy, ýurtda amala aşyrylan soňky häkimiýet çalşygy diňe bir 2022-nji ýyla mahsus waka däl. Geçip barýan ýyl Türkmenistanda soňky birnäçe ýyla ýaýbaňlandyrylan häkimiýeti çalyşmak prosesiniň, has takygy prezident wezipesini ata Berdimuhamedowdan ogul Berdimuhamedowa geçirmek prosesiniň netijelendirilen ýyly boldy.

Ýylyň jemlerine bagyşlanýan bu makala Türkmenistanda häkimiýet çalşygyna taýýarlygyň alamatlary hökmünde kabul edilen wakalaryň hronologiýasyna nazar aýlamaga synanyşýar.

Kasam

2022-nji ýylyň 19-njy martynda Aşgabadyň Ruhyýet köşgi özüniň 22 ýyllyk ömründe ikinji gezek iň bir dabaraly wakalaryň birine şaýat boldy. Kakasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2007-nji ýylyň 14-nji fewralynda kasam edip, prezident wezipesine girişen köşgünde, Serdar Berdimuhamedow ýokary döwlet wezipesine kasam kabul etdi.

Gara galstuk, gara penjek, gara balak we ak köýnek geýnip, sahna çykan ýaş Berdimuhamedow agras bakyşlar bilen sag elini Türkmenistanyň Konstitusiýasyna goýup, türkmen halkyna wepaly we dogruçyl hyzmat etmäge kasam etdi.

Dabara gatnaşýan hökümete wepaly halk wekilleri ýadaw bakyşlaryň astynda şowhunly el çarpyp, täze prezidenti gutlady.

“Halkyň Arkadagly zamanasy” yglan edilen 2022-nji ýylda öňki prezidentiň, “Arkadag” atlandyrylýan Gurbanguly Berdimuhamedowyň il gözünden, medianyň ünsünden çetleşmegini, onuň häkimiýet halkasyndan kenara çekilmegini çaklamak esassyz bolardy. Eks-prezident türkmen parlamentiniň ýokarky palatasynyň, Halk Maslahatynyň başlygy wezipesinde galdy. Täze prezident dessine “köşk şahyrlary” tarapyndan “Arkadagly Serdar” atlandyryldy.

Prezident wezipesini atadan ogla geçirmek prosesiniň dowamynda Türkmenistanda uzak ýyllardan bäri dowam edýän awtoritar syýasatdan, raýat we syýasy azatlyklaryň berk çäklendirilmeginden, ynsan hukuklarynyň kemsidilmeginden, galyberse-de, soňky birnäçe ýyl bäri ýitileşen ykdysady kynçylyklardan lagar düşen halka hiç hili reforma wadasy berilmedi.

Wezipe basgançaklary

Serdar Berdimuhamedow 2016-njy ýyldan öň ýurduň syýasy sahnasynda kän bir görünmeýärdi. Ol 2016-njy ýylyň noýabrynda Türkmenistanyň Mejlisine deputatlyga getirildi. Ýöne ýaş Berdimuhamedowyň wezipe basgançaklaryndaky beýgelişi 2018-nji ýyldan soň batlandy. Ol 2018-nji ýylyň aprelinde daşary işler ministriniň orunbasary wezipesine bellendi, 2019-njy ýylyň birinji ýarymynda Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary, ikinji ýarymynda bolsa bu welaýatyň häkimi wezipelerine bellendi. Döwlet mediasy kiçi Berdimuhamedowyň bu sebite ýolbaşçylyk eden döwründe sebitde hem bugdaý borçnamasynyň, hem-de pagta borçnamasynyň üstünlikli berjaý edilendigini habar berdi.

Serdar Berdimuhamedow 2020-nji ýylyň fewralynda senagat we gurluşyk ministri wezipesine bellendi. Şondan bir ýyl soň, 2021-nji ýylyň 11-nji fewralynda wise-premýer, Ýokary döwlet gözegçilik edarasynyň başlygy wezipelerine bellendi, şeýle-de Döwlet Howpsuzlyk geňeşine girizildi.

Kiçi Berdimuhamedow gysga wagtyň içinde yzly-yzyna ýokary hökümet wezipelerine bellenilýän mahaly, onuň halk gözündäki orny, il öňündäki abraýy hem kepillendirilmäge çalyşylýardy.

Kiçi Berdimuhamedow 2017-nji ýylyň dekabrynda Ahal welaýatynyň Duşak obasynda bir saglyk merkeziniň açylyşyna gatnaşdy, 2018-nji ýylyň oktýabrynda günorta sebitde täze obalaryň düýbüni tutmak dabaralaryna gatnaşdy, 2019-njy ýylyň ýanwarynda bahasy 2,3 mlrd dollarlyk iri awtobanyň gurluşygyna badalga berdi, ýylyň dowamynda başga-da birnäçe möhüm desganyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. Ol wezipesiniň has-da ýokarlanmagy bilen, has-da işjeňleşip ýurduň sebitlerine sapar edip başlady, bazarlara aýlandy, halkyň hal ýagdaýy bilen gyzyklandy, bularyň yz ýany bolsa, goňşy döwletlere, Özbegistana we Eýrana sapar edip, prezidentler bilen duşuşdy.

Parallel üýtgetmeler

Türkmenistanda Serdar Berdimuhamedowyň wezipe basgançaklarynda gyssagly beýgeldilmegine parallel, ýurduň döwlet gurluşyna möhüm üýtgetmeler girizilýärdi. Türkmenistanda 2018-nji ýylda öňki Halk Maslahaty gaýtadan dikeldildi. Munuň yz ýany, eks-prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda kanun çykaryjy ulgamy iki palataly görnüşe geçirmek barada teklip bilen çykyş etdi. Geçen döwrüň dowamynda türkmen parlamenti dessine iki palataly ulgama geçirildi. Gurbanguly Berdimuhamedow 2021-nji ýylyň aprelinde täze kanun çykaryjy ulgamyň ýokarky palatasy hökmünde esaslandyrylan Halk Maslahatynyň başlygy boldy.

Şeýlelikde, häkimiýeti atadan ogla geçirmek prosesiniň maňzyny yglan etmek üçin ýurtda ähli şertler doly taýýar edilipdi.

Nobatdan daşary mejlis

2022-nji ýylyň ýanwarynda Gurbanguly Berdimuhamedow duýdansyz ýagdaýda Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisiniň geçiriljekdigini yglan etdi. Adatdan daşary mejlisde möhüm kararlaryň kabul ediljekdigi aýdylýardy.

Munuň yz ýany, 11-nji fewralda, köp garaşylan nobatdan daşary mejlis gelip ýetdi. Türkmen döwletiniň ýolbaşçy halkasynyň, megerem, soňky birnäçe ýyl bäri üstünde işleýän iri taslamasyny yglan etmegiň, kontrolly prezident çalşygyny yglan etmegiň tüýs wagty gelipdi. Sebäbi, dalaşgär taýýar, halk taýýar, kanunçylyk taýýar, galyberse-de, eks-prezident üçin hem hemişelik wezipe taýýar edilipdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisde eden çykyşynda ýygnananlara ýüzlenip, özüniň prezident wezipesinden çekilmek niýetini äşgär etdi. Ol bu niýetini döwleti dolandyrmakda ýaşlara ýol bermek islegleri bilen esaslandyrmaga çalyşdy.

“Men ýurdumyzy ösdürmegiň täze tapgyrynda döwlet dolandyryşynda häzirki zamanyň ruhy şertleri, ýokary talaplary esasynda kemala gelen ýaş ýolbaşçylara ýol bermegi makul bilýärin. Özümiň toplan uly durmuş hem-de syýasy tejribämi bolsa mundan beýläk Halk Maslahatynyň başlygy hökmünde bu ugra gönükdirmegi maksat edinýärin” diýip, köne prezident ýygnananlara ýüzlendi.

Munuň yz ýany, Türkmenistanyň Mejlisi ýurtda möhletinden öň prezident saýlawlarynyň geçirilýändigini yglan etdi. 12-nji marta bellenen prezident saýlawlaryna çenli geçen 30 gün töweregi wagtyň dowamynda ýurtda saýlaw kampaniýalary ýaýbaňlandyryldy.

Saýlawlar

Saýlawlaryň yglan edilmeginiň yz ýany, garaşylşy ýaly, Türkmenistanyň Demokratik partiýasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly, 40ýaşly wise-premýer Serdar Berdimuhamedowy prezidentlige dalaşgär hödürledi. Merkezi saýlaw topary kiçi Berdimuhamedowy derrew hasaba aldy.

Başga-da sekiz dalaşgär Merkezi saýlaw topary tarapyndan bellige alyndy. Ýöne jemgyýetçilik pikiri ýurduň syýasy sahnasynda ozal asla tanalmadyk dalaşgärler bilen deňeşdirilende, Serdar Berdimuhamedowyň ýeňiji yglan ediljekdiginiň ikuçsyzdygyny öňe sürýärdi.

Hamala, Serdar Berdimuhamedow üçin saýlaw kampaniýasy 2022-nji ýylyň fewralynda däl, has ozal, onuň wezipe basgançaklarynda beýgelip başlan döwürleri başlanan ýalydy.

Muňa garamazdan, Azatlyk Radiosynyň habarçylary birnäçe hepde dowam eden saýlaw kampaniýalarynyň dowamynda ýurt raýatlaryndan, şol sanda býujet işgärlerinden öz seslerini Serdar Berdimuhamedowa bermegiň talap edilýändigini habar berdiler.

Abraýly halkara guramalary, şol sanda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratiki institutlar we adam hukuklary boýunça edarasy mundan ozal saýlaw ulgamyny ösdürmek babatda Türkmenistana beren teklipnamalarynyň berjaý edilmeýändigine esaslanyp, saýlawlara synçy missiýasyny ibermedi.

Türkmenistanda 12-nji martda möhletinden öň prezident saýlawlary geçirildi. Azatlyk Radiosynyň habarçylary saýlaw güni käbir uçastoklarda býulletenleriniň Serdar Berdimuhamedowyň peýdasyna üýtgedilmegi ýaly saýlaw düzgün bozmalary barada habar berdiler.

Garaşsyz Türkmenistanda şu wagta çenli geçirilen saýlawlaryň hiç haýsy demokratik hökümetler we abraýly halkara guramalar tarapyndan “erkin we adalatly saýlawlar” hökmünde ykrar edilmedi.

Muňa garamazdan, Merkezi saýlaw topary Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly Serdar Berdimuhamedowy 72,97 göterim ses bilen prezident saýlawlarynyň ýeňijisi yglan etdi.

Şeýlelikde, 19-njy martda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul edip, prezident wezipesine girişdi.

'Howply görelde'

Synçylar Türkmenistanda amala aşyrylan häkimiýet çalşygyny sebit ýurtlary üçin howply görelde atlandyrdy.

Glasgow uniwersitetiniň professory we Merkezi Aziýa meseleleri boýunça bilermen Luka Ançeski saýlawlaryň yz ýany, Twitter ulgamynda paýlaşan postunda Türkmenistanda durmuşa geçirilen “maşgala mirasdüşerligini” Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlary üçin howply görelde atlandyrdy.

Türkmenistanda durmuşa geçirilen häkimiýet çalşygy sebitde seýrek tolgunyşyklaryň dörän ýylyna gabat geldi. Ýylyň başlarynda Gazagystanda hökümete garşy köpçülikleýin protestler, Täjigistanyň Dagly-Badahşan sebitinde maý aýynda dörän protestleriň yz ýany çaknyşyklar, Özbegistanyň Garagalpagystan awtonom respublikasynda bolsa, tomus aýlarynda halk gozgalaňlary bolup geçdi.

Türkmenistanda ýokary döwlet wezipesiniň Gurbanguly Berdimuhamedowdan Serdar Berdimuhamedowa geçirilmegi halkyň soňky birnäçe ýyl bäri ýüzbe-ýüz bolýan ykdysady problemalaryny, maliýe kynçylyklaryny ýeňletmedi. Galyberse-de, ýurtda dowam edýän çäklendirmeler, şol sanda Internet ulgamyndaky garaşsyz maglumat çeşmeleriniň häkimiýetler tarapyndan berk gözegçilikde saklanylmagy, söz we metbugat azatlygynyň gysylmagy hem-de raýat azatlyklarynyň basgylanmagy bilen bagly ýagdaýlar şol öňküliginde galdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.







Дивный новый мир цифровизации: в Москве пройдет Форум «Время цифры»

Доктор Кутушов назвал болезни, которые поджидают отдыхающих у водоёмов

До плюс 50 градусов: Каким городам России грозит аномальная жара летом 2024 года. Опубликован список

Eurasianet: Азербайджан публично и цинично уничтожает армянское культурное и историческое наследие в Нагорном Карабахе


Пегас сделал важное заявление по Египту: стали известны цены на туры на предстоящую зиму

AlfaBiom выпустили на рынок России БАД с красным ферментированным рисом

Праздник в детском отделении от Клуба пациентов

Тысячи активистов разгромили офис Socar в Стамбуле, обвинив «Азербайджан» в поддержке геноцидальной политики Израиля в Палестине


Rangers backed into a corner, must beat Panthers on road to force Game 7

When Narine asked Gambhir 'can I bring my girlfriend to IPL?'

England vs Bosnia & Herzegovina: Three Lions face Dzeko and Co in Euro 2024 warm-up match – stream FREE, TV, team news

Where to find Real Madrid vs Dortmund on US TV: June 1, 2024


Вечернее поле.

Дизельный, рамный, с блокировками. Новый внедорожник скоро появится в России

Доступный, летний, твой – StarLine A60 BT GSM ECO

Водитель "Лифана" погибла после аварии с фурой


Лучшие Эхо в Wuthering Waves — соберите самую мощную сборку

Четвёртое дополнение Age of Wonders 4: Eldritch Realms завершит первый цикл поддержки игры

Видеоновости: Дата релиза Tarisland, Zenless Zone Zero и Auroria, релиз Construction Simulator 4 и бета NFS Assemble

"Расхитительница гробниц: Легенда о Ларе Крофт" получила дату выхода и тизер



На борту самолета, летевшего из Москвы в Турцию, из-за жары погибла кошка якутского пилота

Весь мир чипировали умом Ленина?! Раскрыта загадка Мавзолея В.И. Ленина. Проект "Святой Ленин".

Тысячи активистов разгромили офис Socar в Стамбуле, обвинив «Азербайджан» в поддержке геноцидальной политики Израиля в Палестине

Более 30 компаний из Нижегородской области пришли на первую встречу регионального сообщества инклюзивного бизнеса «Открыто для всех»


Свыше 180 млрд рублей вложили в свое развитие предприятия ОЭЗ «Технополис Москва»

Доктор Кутушов назвал болезни, которые поджидают отдыхающих у водоёмов

Весь мир чипировали умом Ленина?! Раскрыта загадка Мавзолея В.И. Ленина. Проект "Святой Ленин".

РПЦ предложила запретить товарные знаки с религиозной символикой


Москвичей предупредили о дожде и граде

В Пензу приедут участники Всероссийского семейного фестиваля сбережений и инвестиций

В культурном центре АО «АК "ЖДЯ"» в Алдане отметили День защиты детей

РПЦ хочет запретить регистрацию товарных знаков с религиозной символикой


Медведев вышел в 1/8 финала «Ролан Гаррос» — 2024

Прямая трансляция матча Рыбакиной с победительницей четырех "Больших шлемов"

Организм был не в состоянии: Потапова прокомментировала поражение на «Ролан Гаррос»

Итальянская забастовка: Рублёв, Котов и Самсонова вылетели с «Ролан Гаррос», Потапова обыграла Ван Синьюй


Филиал № 4 ОСФР по Москве и Московской области информирует: Свыше 5,2 миллиона жителей Московского региона получают набор социальных услуг в натуральном виде

РПЦ хочет запретить регистрацию товарных знаков с религиозной символикой

В топовых отелях Екатеринбурга закончились номера из-за альтернативной Олимпиады

Специальные тарифы на аренду велосипедов ввели в Москве 3 июня


Музыкальные новости

«Это конец артистки»: Зверев уверен, что проблема Волочковой не в алкоголизме

Депутат Ахмадинуров раскритиковал наряд Бузовой на выступлении в Уфе

«В трусах»: Бузова угодила в скандал из-за наряда на концерте в День защиты детей

«Я жертва, пострадавшая». Полина Гагарина выступила с громким заявлением. Фигурируют Цой и Кормухина


На борту самолета, летевшего из Москвы в Турцию, из-за жары погибла кошка якутского пилота

Периоды похолодания в июне спрогнозировали россиянам

Тысячи активистов разгромили офис Socar в Стамбуле, обвинив «Азербайджан» в поддержке геноцидальной политики Израиля в Палестине

Более 30 компаний из Нижегородской области пришли на первую встречу регионального сообщества инклюзивного бизнеса «Открыто для всех»


Топ-клуб РПЛ из Москвы заинтересован в трансфере Зайнутдинова

Выставка «Кремли России — взгляд художника» открылась в Нижегородском кремле

«СВЯТОЙ ЛЕНИН» спасает население от борьбы с перенаселением, 5 серия, СЕРЬЁЗНЫЙ НОВОСТНОЙ СЕРИАЛ.

“Я хочу семью”: музыкант JONY рассказал в “Шоу Воли” на ТНТ о том, какую девушку он ищет


Первое историческое ралли в Москве 2 июня 2024

Отзывы об EXEED VX: что говорят владельцы в 2024 году

Владимирцам напомнили об ограничении скорости из-за ремонта на трассах М-7 и Р-132 «Золотое кольцо»

Как подобрать запчасти на китайские авто?


«Так вкусно»: Путин поблагодарил главу Минсельхоза Узбекистана за фрукты

Ташкент становится для Москвы точкой опоры – Астана проигрывает, уходя под Запад

Российские ракеты средней дальности могут появиться под боком восточноазиатских сателлитов США

Путин 7 июня выступит на ПМЭФ и будет говорить не только об экономике




Собянин: Новый корпус больницы святого Владимира планируется открыть в 2025 году

"Все ждали, что Москва будет Третий Рим…". Заявление Калныньша вызывает беспокойство о его здоровье

В Москве пациент устроил поджог в туалете наркологической клиники

В Архангельске медики России обменялись методиками оказания офтальмологической помощи



Первое историческое ралли в Москве 2 июня 2024

«Зенит» добыл волевую победу в матче с «Балтикой» и завоевал Кубок России

ФК «Зенит» представил стартовый состав на суперфинал Кубка России в Москве

Один из лидеров «Салавата Юлаева» подписал контракт с ЦСКА: теперь официально



Собянин: Около обновленных поликлиник создано более 600 зон отдыха

Собянин: Новый корпус больницы святого Владимира планируется открыть в 2025 году

Собянин: В Москве создана самая маленькая схема метро в мире

Сергей Собянин рассказал о новых трамвайных линиях в Москве


Юбилейный Международный форум «Экология» пройдет в Москве 4 и 5 июня

В Рослесхозе заявили, что площадь пожаров в РФ превысила 650 тыс. га

Орнитологи напомнили москвичам, как вести себя при встрече с птенцами

Поезд проехал через горящий лес в Бурятии


Российские миллиардеры за 5 месяцев текущего года разбогатели более чем на 17 млрд долларов

Жилье у парка: где в Москве искать новостройки рядом с зелеными зонами

В топовых отелях Екатеринбурга закончились номера из-за альтернативной Олимпиады


В Архангельске подвели итоги III Всероссийского форума «Арктика. Лёд тронулся»

В Архангельске медики России обменялись методиками оказания офтальмологической помощи

Архангельская область подключается к марафону "Сила России"

В филиале фонда «Защитники Отечества» в Архангельской области подвели итоги первого года работы


Первый автобус «Санкт-Петербург — Симферополь» вышел на маршрут

ВТБ начал выдавать ипотеку на жилье в Крыму

Арт-знакомство «Искусство должно давать счастье и радость»

Выставка-представление «Не просто город, а судьба, которой я не устаю гордиться!»


Заплыв на открытой воде Корневского карьера прошел в Люберцах

Смерть кошки в салоне Utair расследует прокуратура

Москвичей предупредили о дожде и граде

РПЦ хочет запретить регистрацию товарных знаков с религиозной символикой














СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *