Azatlygyň maglumatyndan soň, häkimiýetler Büzmeýinde ilatyň suw üpjünçiligini dikeltdi
“Ilatyň bir aý bäri suwsuz kösenýändigi barada Azatlyk Radiosynda çykan maglumatdan iki gün geçip-geçmänkä, 12-nji martda ýaşaýyş jaýlaryna suw berdiler” diýip, etrap ýaşaýjysy anonimlik şertinde aýtdy.
Ýerli ýaşaýjylaryň ençemesiniň habarçymyza gürrüň bermegine görä, adamlar suw mätäçliginden dynandyklaryny aýdyp, bir aýdan bäri üýşen kirlerini, egin-eşiklerini, ýorgan-düşeklerini kir ýuwujy maşynda köpçülikleýin häsiýetde ýuwup başladylar.
“Ýaşaýjylar irdenden bäri kir ýuwujy maşynlaryny işledýärler, otaglary we aşhana otaglaryny ýuwýarlar. Adamlaryň özleri hem bir kemsiz hammam aldylar” diýip, ýerli ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Ilata ne gyzgyn, ne agyz suwy berildiÝatlatsak, Azatlyk 10-njy martda Büzmeýiniň käbir ýaşaýyş toplumynda ilatyň bir aýa golaý wagt bäri suwsuz kösenýändigini habar berdi. Ýerli ýaşaýjylar fewral aýynyň başynda suwuň günüň dowamynda ýarym sagat irden we ýarym sagat giçlik berlendigini, soňky 10 günden gowrak wagt bäri bolsa, ne gyzgyn, ne agyz suwunyň berilýändigini aýdypdylar.
“Suw akmaýandygy sebäpli hajathanalarda ýakymsyz ys emele gelip, tutuş binanyň töweregine ýaýraýar. Ýaşaýjylar dükanlardan ýa-da sargap, 20 litr plastik çüýşelerde suw satyn alyp, oňşuk etmeli bolýarlar” diýip, etrap ýaşaýjysy anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Şonda ýaşaýjylar soňky bir hepdeden gowrak wagtyň dowamynda bolsa, etrap polisiýasynyň häkimlige arza edip, suw üpjünçiliginiň kesilmegine nägilelik bildiren hojalyklary çagyryp, olary basyşlara, gorkuzmalara we kemsitmelere sezewar edýändigini hem bellediler.
Etrap häkimligindäki ygtybarly çeşmämiz polisiýanyň raýatlara basyş etmegine, ilatyň nägileçilikli jaňlarynyň artmagy bilen, etrap häkimliginiň kätibiniň arz edýän hojalyklaryň sanawyny düzüp, etrap häkimine we onuň hem polisiýa tabşyrmagynyň sebäp bolandygyny aýdypdy.
"Ilat öz ýeňşine şat boldy"Habarçymyz ýaşaýjylaryň ençemesiniň “bir aý bäri berilmeýän suwuň Azatlykda maglumat çykandan soň berlip başlanmagynda radionyň uly ornunyň bardygyny” aýdyp, Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna minnetdarlyk bildirendigini hem habar berýär.
“Ahyrsoňy biziň dadymyza Azatlyk Radiosy ýetişdi diýip, ýaşaýjylar birek-birege aýdyp, öz kiçiräk bolsa hem ýeňişlerine örän şat bolup, adamlaryň ruhy göterildi. Ýaşaýjylar “nesip bolsa, indi ýygy-ýygydan ýüze çykýan tok, gaz, lagym suwy bilen bagly näsazlyklar dörän halatynda hem, Azatlyk Radiosyny hökman habarly ederis. Biziň agyrymyzy ähli jahana paş edip, hökümeti tijenmäge iterýär” diýip, özaralarynda aýdyşýarlar” diýip, ýerli ýaşaýjy belledi.
Azatlyk Büzmeýin etrap häkimligi, suw edarasy, şeýle-de Aşgabat şäher häkimligi we “Aşgabatagyzsuw” birleşigi bilen habarlaşyp, teswir almaga synanyşdy.
Ýöne 13-nji martda redaksiýamyzyň Aşgabat şäher häkimliginiň web sahypasynda görkezilen degişli telefon belgilerine eden jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.
Türkmenistanyň şäher we oba ýerlerinde, paýtagtynda ilat agyz suw üpjünçiliginiň kesilmegi bilen ýygy-ýygydan ýüzbe-ýüz bolýar.
Bulara suw geçiriji turbalaryň hatardan çykmagy bilen bir hatarda, iri suw toplumlarynyň ýerleşýän sebitinde ýüze çykýan näsazlyklaryň sebäp bolýandygy barada habarçylarymyz maglumat berýärler.
Türkmen häkimiýetleri we mediasy ilatyň suw üpjünçiligindäki problemalar barada aç-açan mesele gozgamaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.