Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Июль
2025
1 2 3 4
5
6
7 8 9 10 11
12
13
14 15 16 17 18
19
20
21 22 23 24 25
26
27
28 29 30 31

Ýaşulular gijikdirilen pensiýasyna garaşýarka döwlet TW-si maňlaýyna sylyp pul alýan raýatlary görkezýär

0

Türkmenistanda ilatyň bank hasaplaryna geçirilýän aýlyklaryny bankomatlardaky pul gytçylygy sebäpli nagtlaşdyrmakda kynçylyk çekýän döwründe we pensionerleriň pensiýa haklarynyň gijikdirilýän wagtynda döwlet telewideniýesi raýatlara, şol sanda ýaşululara bankda uly mukdarda pul berilýändigini görkezdi.

"Daýhanbankyň" kassasyndan nagt pul alan raýatlar, şol sanda ýaşy ulular pul pettelerini maňlaýlaryna sylýarlar. Bu kadrlary görkezen "Altyn Asyr" telekanalynyň 9-njy iýul reportažynda bu "döwletiň ygtybarly ösüş ýoly bilen öňe barýandygyna şaýatlyk edýär" diýlip, habar berildi.

Resmi maglumatda görkezilen pursatlar bilen bilelikde: "Ykdysadyýetiň özgerip, kemala gelmegini paýdarlar jemgyýetleriniň, daýhan hojalyklarynyň hem-de hususy hojalyklaryň ýetişdiren hasyly üçin hasaplaşyklarynyň öz wagtynda we doly derejede ýerine ýetirelmeginden görmek mümkin" diýildi.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary we çeşmeleri döwlet telewideniýesinde görkezilen pursatlaryň hakykata gabat gelmeýändigini, raýatlaryň, şol sanda daýhanlaryň banklaryň kassalaryndan pul alyp bilmeýändigini aýdýarlar.

“Daýhanlaryň gazanjy we sylag pullary olaryň bank hasaplaryna geçirilýär. Emma kassadan islän möçberiňde nagt pul almak mümkin däl. Hökümet bolsa ýurduň ‘abadançylygyny we bolçulygyny’ görkezmek üçin şeýle sahnalary göni ýaýlyma berýär" diýip, çemeleriň biri aýdýar.

Beýleki bir çeşme kassadan nagt pul almak mümkinçiligiň ýokdugyny aýdyp, "bankomatlardan çekilýän petde-petde pullar daýhanlaryň aýlygy däl-de, olaryň sylag pullary. Ýöne görkezilýän kadrlar diňe propaganda maksatly döredilýär” diýdi.

Pul bankomatdan çekilýärTürkmenistanda raýatlaryň gazanç pullary bank hasaplaryna geçirilýär we olary bankomatdan çekmeli bolýar. Bir günde diňe 1000 manat möçberinde nagt pul çekmäge rugsat berilýär. Mundan başga-da, banklar hyzmat tölegi hökmünde 0,82% möçberinde komissiýa alýarlar.

Habarçylar 11-nji iýulda beren maglumatlarynda häzirki wagtda nagt puluň bankomatlaryň ençemesinde ýokdugyny, belli bir ýerlerde bankomatlara pul salnyp, olaryň öňünde uly nobatlaryň bardygyny aýtdylar.

Lebaply we balkanly çeşmeler döwlet telewideniýesinde görkezilen adamlar gallaçy daýhanlar bolsa-da, olaryň hem gazanjynyň kassadan berilmeýändigini aýtdylar.

"Türkmenistanda “Altyn orak” möwsüminde döwletiň harmanyna 100 sentnerden köp galla tabşyran daýhanlara prezidentiň adyndan pul sylagy berildi, diýip, lebaply çeşme aýdýar.

Balkanly çeşme şeýle diýýär: "Görkezilen nagt pul alýanlar 100 gekdarda bugdaý ýetişdirip, 40 ýa-da 60 müň manat ýyllyk girdeji alanlar bolmaly. Aýlyk pensiýalar ujypsyzja bolýar. 5-10 paçka pul alýanlar hem ol pullary soň azyndan 20 adama paýlap berýärler. Bu pul zähmet çeken adamlara we tehnika üçin niýetlenýär".

Adamlar şeýle 'sahnalara' ynanmaýarHowpsuzlyk aladalary sebäpli Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen çeşmeler döwlet telewideniýesinde görkezilýän habarlaryň hakykata çapraz gelýändigi sebäpli ýaşaýjylaryň oňa tomaşa etmeýändigini gürrüň berýärler.

"Şeýle ýalan kadrlar ýaýlyma berilende, raýatlar bolup geçýän wakalary teatrlaşdyrylan sahna oýunlary ýa-da sirk bilen deňeşdirýärler, käbirleri bolsa hatda paýyş sözleri ulanyp, beýle sahnalaryň hakykatdan uzakdygyny aýdýarlar" diýip, lebaply çeşme belledi.

"Telewidenýede görkezilýän şeýle spektakl reportažyny adamlar görmeýär, göreniň hem gahary gelip, kanaly üýtgedýärler. Türkmen telekanalyny görýän ýok. Ähli aýdylýan we görkezilýän reportažlaryň spektakl ýokardaky oturan emeldarlaryň islegi boýunça düşürilýär. Halkyň içi ýanýar" diýip, balkanly çeşme aýdýar.

Lebaply çeşme: "TW-de görkezilýän emeli bolçulyk we pullar diňe Berdimuhamedowlaryň propagandasy üçin, aslynda öz halkymyz oňa ynanmaýar" diýip, düşündirýär.

Türkmen TW-sinde görkezilen kadrlar sosial mediada hem ýerleşdirildi. Habara ýazylan teswirlere görä, bu köpçülikde geň gelma döredipdir. Teswirleriň birinde "Öz puluňyzy näme üçin ýüzüňize sylýaňyz" diýilse, beýlekisinde "Muňa diňe Gurhan mynasypdyr" diýilýär. Ýene bir teswirde: "Gülmän, olary mejbur edýärler" diýilýär. "Masgalarçylyk" diýlen pikirler hem orta atylýar.

Türkmen telekanalynyň raýatlara bol-elin pul berlendigini görkezen habary ýurduň bankomatlarynda pul gytçylygynyň güýçlenen wagtynda we bugdaý hasylynyň ýygnalyp, döwletiň daýhanlar bilen hasaplaşýan pursadyna gabat geldi.

Daýhanlaryň ýetişdiren hasyly üçin gazanjynyň berilmeginiň bankomatlardaky pul gytçylygy bilen näderejede bagly bolup-bolmazlygy belli däl. Bu barada resmi düşündiriş berilmedi.

Emma ykdysady bilermenler ýurtda nagt puluň ýetmezçiliginiň çynlakaý problema öwrülendigini belläp, her ýyl hasyl üçin hasaplaşyk döwründe nagt pul krizisiniň has hem güýçlenýändigine ünsi çekýärler.

Azatlyk Radiosynyň ýagdaýdan habarly çeşmeleri soňky aýlarda pensionerleriň pensiýa haklarynyň gijikdirilmegini hem nagt pul krizisi bilen baglanyşdyrýarlar.

Lebaply pensionerlere iki aý bäri pulunyň gijikdirilip berilmegi dokumentlerde olaryň atlarynda goýberilen "ýalňyşlyk" bilen düşündirilen bolsa, Balkanda pensiýalaryň wagtynda berilmezligi ýaşulylaryň özleriniň diridigini wagtynda subut etmändigi bilen düşündirilipdir.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde gürleşen sosial üpjünçilik edaralaryndaky lebaply çeşmeler raýatlaryň pensiýalaryny gijikdirmek barada özlerine ýokardan tabşyryk gelendigini habar berdiler.

Döwlet TW-sinde puly maňlaýyna sylýan raýatlar wagtal-wagtal görkezilýär, köplenç bu ýurtda nagt pul ýetmezçiligi güýçlenip, ilatyň puluny almakda kynçylyk çekýän wagtyna gabat gelýär. Şu gezek pul gytçylygy tomsuň başynda güýçlendi.

Adamlar puluny almakda kynçylyk çekýän wagtynda bankomatlardan çekip bolýan puluň gündelik çägi artdyryldy we günde bir hasapdan çekip bolýan puluň mukdary 800 mandatdan 1000 manada çenli köpeldildi. Bu çäräniň hem sebäbi resmi taýdan düşündirilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.








TRENDBOOKS.AI – первая в России нейросетевая платформа для предиктивной тренд-аналитики в моде и дизайне

«Прошли два удара»: Гребенщиков рассказал свою версию драки с Пирцхалавой

В Marins Москва Пражская остановились участники международного турнира по гандболу

Концерт Тимберлейка в Стамбуле превратился в хаос: Мот рассказал о давке, сломанных заборах и драках


Report: AC Milan’s Christian Pulisic set to team up with $87 million Manchester United star

OpenAI launches GPT-5, its most powerful AI yet—will it be enough to stay ahead in today’s ruthless AI race? 

Cameroon star has said yes to Man Utd transfer but Red Devils face hurdle

Man Utd have agreed deal with AC Milan for £40m star's exit, await player decision - report


Семейное приключение на «Кораблике Детского радио»

Сотрудниками полиции и Росгвардии задержан гражданин, причастный к поджогу релейного шкафа в Архангельской области

Антиармянские публикации в российском научном журнале «Современная научная мысль»: расследование фонда «Гегард»

В Орле на территории детского сада уничтожили осиное гнездо


Modders are trying their hardest to add an NVMe SSD to the Switch 2, which is both impressive and something I'm not going to do

Mafia: The Old Country получила положительные оценки в Steam

Находи идеальные места для персонажей-фигурок в «Is This Seat Taken?»

The US Air Force wants to test blowing up Cybertrucks because 'it is likely the type of vehicles used by the enemy may transition to Tesla Cyber trucks'


Овочі можусть стати розкішшю для українців


Чемпионат по самбо столичного главка Росгвардии завершился в Москве

Сотрудники Росгвардии пришли на помощь пенсионеру, внезапно потерявшему сознание в кафе на востоке столицы

Семейное приключение на «Кораблике Детского радио»

В регионах центральной России росгвардейцы отметили День физкультурника


Семейное приключение на «Кораблике Детского радио»

За сутки в Чите отловили 16 собак

Клинический психолог Юлия Тарибо: психологические последствия удаленной работы и способы их преодоления

Международный чемпионат по алгоритмическому программированию «РуКод»


Аренда аккаунта IronSource: как обойти строгую модерацию и запустить рекламу

В первом полугодии 2025 года общие сборы КАПИТАЛ LIFE показали рост и составили 12,7 млрд рублей

Главный врач клиники микрохирургии глаза АйМед Элина Санторо: что делать если лопнул сосуд в глазу

Лиана Шульгина: ужасы неудачной пластики и разрушенное материнство


Потапова проиграла Свёнтек во втором круге турнира WTA в Цинциннати

Теннисист Медведев проиграл австралийцу Уолтону и выбыл из турнира Цинциннати

Хачанов достиг третьего раунда теннисного турнира «Мастерс»

Павлюченкова не сумела пробиться в третий раунд турнира в Цинциннати


Экономия до 50%: почему восстановление тяговых батарей выгоднее покупки новых

Канадец Комтуа сообщил о возвращении интереса к хоккею после переезда в Россию

Эксперт исключил вероятность резкого сокращения поставок нефти из России в Индию

На Садовом кольце открыли развороты, которые сократят время в пути на 5 минут


Музыкальные новости

Обиды на отца, алкоголизм, ссоры с Влади и дружба с Ефремовым: как живёт Никита Высоцкий

Продвижение Песни в Импульсе Яндекс Музыка.

ИИ опроверг предположения о существовании двойников Пола Маккартни и Бритни Спирс

Мама Тимати перерезала пуповину во время родов Валентины Ивановой


Чемпионат по самбо столичного главка Росгвардии завершился в Москве

Сотрудники Росгвардии пришли на помощь пенсионеру, внезапно потерявшему сознание в кафе на востоке столицы

Семейное приключение на «Кораблике Детского радио»

В регионах центральной России росгвардейцы отметили День физкультурника


ГК «КОРТРОС» — в числе лидеров страны по объему ввода жилья

От Чехова с мангустами до встречи “Варягов”: что скрывают стены Московского вокзала Тулы

Чемпионат по самбо столичного главка Росгвардии завершился в Москве

Капитан «Спартака» Максименко: команда готова биться за Станковича


Хуснуллин по видеосвязи поприветствовал участников автопробега БРИКС

В Сети появились кадры ДТП с подростками на самокате, которые врезались в столб

Выяснились детали смертельной аварии с участием 16-летних самокатчиков на западе Москвы

Автобус насмерть задавил подростка на электросамокате в Москве


В Москве надеются, что встреча Путина и Трампа придаст импульс отношениям РФ и США

Хазин объяснил, почему Путин и Трамп решили встретиться на Аляске

Почему Трамп захотел быстро встретиться с Путиным, объяснил Хазин

Bloomberg: встреча Путина и Трампа означает победу России




Уровень медицины в Некрасовке растет

В регионах центральной России росгвардейцы отметили День физкультурника

Клинический психолог Юлия Тарибо: психологические последствия удаленной работы и способы их преодоления

Главный врач клиники микрохирургии глаза АйМед Элина Санторо: что делать если лопнул сосуд в глазу


Политолог: Алиев пересек красную линию и столкнется с ответом Москвы

«Будет обмен землей»: Трамп поставил Зеленского на место, вызвав панику в Киеве


Росгвардейцы охраняли правопорядок на фестивале «ЛИГА ТРИАТЛОНА & IRONSTAR МОСКВА 2025»

Соревнования по многоборью кинологов-росгвардейцев завершились в Грозном

В регионах центральной России росгвардейцы отметили День физкультурника

Чемпионат по самбо столичного главка Росгвардии завершился в Москве


Лукашенко получил первую золотую монету из белорусского сырья


Собянин объявил об открытии новой детской поликлиники в районе Крюково

Собянин рассказал, как проект «Город героев» укрепляет связь времен и поколений

Собянин заявил об уничтожении пятого БПЛА, который летел на Москву

Собянин рассказал о строительстве нового путепровода на северо-востоке Москвы


Орловская область планирует войти в число национальных туристических маршрутов с проектом «Бирюзовое кольцо России»

В Крыму потушили угрожавший двум селам природный пожар

Что подготовили в павильонах «Музеона» в рамках форума «Москва 2030»

Хватит морщиться: ученые назвали пользу от участившихся московских ливней


На Садовом кольце открыли развороты, которые сократят время в пути на 5 минут

За июль 2025 г. экспорт угля из РФ сократился на 0,5%

В первом полугодии 2025 года общие сборы КАПИТАЛ LIFE показали рост и составили 12,7 млрд рублей

Почему Трамп захотел быстро встретиться с Путиным, объяснил Хазин


Полицейский погиб при задержании поджигателя релейного шкафа под Архангельском

Орловская область планирует войти в число национальных туристических маршрутов с проектом «Бирюзовое кольцо России»

без заголовка

Сотрудниками полиции и Росгвардии задержан гражданин, причастный к поджогу релейного шкафа в Архангельской области


Прогноз погоды в Крыму на 10 августа

Когда достроят больницу скорой помощи и онкодиспансер в Севастополе

Прогноз погоды в Крыму на понедельник

Прогноз погоды в Крыму на 11 августа


Подросток на электросамокате погиб в ДТП с автобусом в Москве

Экономия до 50%: почему восстановление тяговых батарей выгоднее покупки новых

Главный врач клиники микрохирургии глаза АйМед Элина Санторо: что делать если лопнул сосуд в глазу

Пчёлы атаковали детей в московском детском саду — пятеро пострадали














СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *