Angliýa, Kanada, Awstraliýa Palestina döwletini ykrar edýär
Angliýa, Kanada we Awstraliýa Palestina döwletini ykrar edýändiklerini mälim etdi. Fransiýanyň hem basym şeýle karara gelmegine garaşylýar.
Ysraýylda Palestinanyň ykrar edilmegi "terrorçylygyň öňünde boýun egmek" diýlip atlandyrylýar we onlarça ysraýyl zamunynyň ABŞ we ÝB tarapyndan terror guramasy diýlip ykrar edilen Hamas toparynyň elinde galýandygyny ýatladylýar.
Kanadanyň premýer-ministri Mark Karni "Ysraýylyň häzirki hökümeti Palestina döwletiniň döremeginiň öňüni almak üçin metodiki esasda işleýär" diýdi.
"Şu günki günde Kanada we Angliýa bilen bilelikde Palestina döwletiniň ykrar edilmegi iki döwlet esasyndaky çözgüdi gazanmak üçin edilýän halkara tagallalarynyň bir bölegidir" diýip, Awstraliýa hökümetiniň beýanatynda aýdylýar.