Gazagystanda daşary işler ministri täzelendi
Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Ermek Koşerbaýewi daşary işler ministri wezipesine bellemek baradaky karara gol çekdi diýip, Akordaanyň web sahypasynda habar berildi. Öňki ministr Murat Nurtleu prezidentiň Halkara maýa goýumlary we söwda hyzmatdaşlygy boýunça kömekçisi wezipesine bellenildi.
Ermek Koşerbaýew şu ýylyň fewral aýyndan bäri premýer-ministriň sosial meseleler boýunça orunbasary bolup işleýärdi.
Sentýabr aýynyň başynda Orda.kz Murat Nurtleuyň, şeýle-de, Milli howpsuzlyk komitetiniň ýokary derejeli resmileriniň birnäçesiniň we telekeçi Gajy Gajyýewiň derňew astyndadygyny habar berdi.
Neşiriň tassyklamagyna görä, ýanwar wakalaryndan soň bir aý töweregi wagt Milli howpsuzlyk komitetiniň başlygynyň orunbasary bolup işlän Nurtleu ýörite gullugyň içinde amatsyz adamlara gözegçilik etmek, olary yzarlamak bilen meşgullanýan kölege gurluşyny döredipdir.
Gazagystanyň häkimiýetleri bu maglumaty ret etdiler.
Şeýle-de, Tokaýew Nýu-Ýorka eden saparyndan soň Gazagystanyň ABŞ-daky ilçisini wezipesinden boşatdy. Eržan Aşikbaýew bu wezipä 2021-nji ýylyň aprelinde bellenipdi.