Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2025
1 2 3 4 5
6
7 8 9 10 11 12
13
14
15 16 17 18 19
20
21
22 23 24 25 26 27
28
29 30

Göwreli türkmen raýaty Russiýada adamsyna we çagalaryna gowuşdy

0

Kirowsk etrap kazyýeti göwreli türkmen raýaty Iradanyň adamsy we üç çagasy bilen ýaşaýan ýerinde, Sankt-Peterburgda galdyrylmagy baradaky karara geldi. Irada immigrasiýa kanunlaryny bozandygy üçin jerime salyndy diýip, rus metbugaty habar berýär.

MR7 neşiriniň ýazmagyna görä, Irada 2020-nji ýyldan bäri Sankt-Peterburgda ýaşaýar. Ol Russiýa bir ýyllyk wiza bilen gelip, soň ony ilki koronawirus, soň maliýe kynçylyklary sebäpli, soňra bolsa pasportynyň möhletiniň dolandygy üçin täzeläp bilmeýär.

Irada Sankt-Peterburgda ýaşaýan we işleýän wagtynda üç çaganyň enesi bolýar, olaryň iň kiçisi bir ýaşyna golaýlady, emma olaryň resmi kakalary ýok.

Irada bile ýaşaýan erkegi bilen kanuny ýagdaýa geçmekçi bolup, Türkmenistanyň ilçihanasynda kabul edilmäge ýazylanda, ýolda, 7-nji iýulda tussag edildi diýip, habarda aýdylýar.















Музыкальные новости






















СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *