2026-njy ýylda Putin we onuň administrasiýasy üçin býujetden yas 33 mlrd rubl berler
2026-njy ýylda Wladimir Putiniň we onuň administrasiýasynyň iş şertlerini üpjün etmek üçin 32,9 milliard rubl bölünip berler, bu 2025-nji ýylda goýberlen serişdeden 1,7 milliard köp bolýar diýip, “Werstka” indiki ýyl üçin işlenip düzülen býujet taslamasyna salgylanyp ýazýar.
2025-nji ýylda "prezidentiň we onuň administrasiýasynyň işlemegini üpjün etmek" üçin 31,2 milliard rubl bölünip berildi. Başda bu 31,042 milliard rubldy, ýöne tomusda 155 million rubl köpeldildi. Bu serişdeler administrasiýa işgärleriniň aýlyklaryny tölemek üçin gerek boldy.
2024-nji ýylda Putiniň we onuň administrasiýasynyň iş şertlerini üpjün etmek üçin 24,6 milliard rubl bölünip berildi, bu 2025-nji ýylda bölünip berlen serişdeden 25,5% az bolýar.
2026-2028-nji ýyllar üçin býujet taslamasy we Salgyt kodeksine üýtgetmeler girizmek ýaly kanun taslamalary Döwlet dumasynyň garamagyna hödürlendi.