Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2025
1 2 3 4 5
6
7 8 9 10 11 12
13
14
15 16 17 18 19
20
21
22 23 24 25 26 27
28
29 30

Özbegistana syýahat eden türkmenistanlylaryň sany 250 müňe golaýlady

0

Şu ýylyň başyndan bäri Özbegistana syýahat eden türkmenistanlylaryň sany 250 müňe golaýlady diýip, “Türkmenportal” neşiri Özbegistanyň Milli statistika komitetine salgylanyp habar berýär.

Resmi maglumata görä, şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda goňşy ýurda 243,5 müň türkmenistanly syýahatçy barypdyr. Deňeşdirmek üçin aýdylsa, geçen ýylyň degişli döwründe Özbegistana baran türkmenistanly syýahatçylaryň sany 102,9 müňe deň bolupdyr.

Bu döwründe Türkmenistan Özbegistana syýahat eden raýatlarynyň sany boýunça altynjy ýeri eýeledi.

Birinji orun Özbegistana 2 million 164,5 müň raýaty syýahat eden Gyrgyzystana degişli. Şeýle-de, bu döwürde Özbegistana Gazagystandan 1 million 769,9 müň syýahatçy, Täjigistandan 1 million 699,9 müň syýahatçy, Russiýadan 663,2 müň syýahatçy we Owganystandan 304,5 müň syýahatçy barypdyr.

Maglumat üçin aýdylsa, şu ýylyň 8 aýynda Özbegistana syýahat eden daşary ýurtly syýhatçylaryň umumy sany 7,5 milliona deň bolup, bu görkeziji, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ýurda 49,1% syýahatçynyň köp gelendigini aňladýar.















Музыкальные новости






















СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *