Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2025
1 2 3 4 5
6
7 8 9 10 11 12
13
14
15 16 17 18 19
20
21
22 23 24 25 26 27
28
29 30

AÖB Türkmenistanyň saglyk pudagyna $77 mln karz berer

0

Aziýa Ösüş Banky (AÖB) Türkmenistanda şepagat uýalarynyň we akuşerleriň sanyny artdyrmaga we hünär derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen taslama üçin maliýe goldawyny makullady diýip, “Biznes Türkmenistan” Aziýa Ösüş Bankynyň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.

Habarda aýdylmagyna görä, bu taslama üçin Aziýa Ösüş Banky 75 million ABŞ dollar karz berse, Ýaponiýanyň Aziýa we Ýuwaş umman sebitinde durnukly ösüş gaznasy (JFPR) 2 million ABŞ dollary möçberinde grant berer.

“Şepagatçylyk işiniň mümkinçiliklerini we hilini ýokarlandyrmak” baradaky taslama, habarda bellenmegine görä, AÖB-niň Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyndaky ilkinji tejribesi bolup, ol ilata ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny bermäge, bu hyzmatyň elýeterliligini üpjün etmäge hem-de şepagatçylyk bilimini ýokarlandyrmaga gönükdirilýär.

Taslamanyň çäklerinde Aşgabat şäherinde Şepagatçylyk işi mekdebini gurmak meýilleşdirilýär. Okuw jaýynda häzirki zaman okuw otaglary we barlaghanalar, eneler üçin niýetlenen dynç alyş otagy, talyplar üçin umumy ýaşaýyş jaýlary dörediler.

Umumy bahasy 98 million ABŞ dollaryna barabar bolan taslamanyň 23 million ABŞ dollaryny türkmen hökümeti berer.















Музыкальные новости






















СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *