Gaz, tok, suw töleglerini gijikdiren ýaşaýjylaryň işi kazyýete geçirilýär
Bu habar Halk maslahatynda bir ýaşulynyň aýlyklary, pensiýalary köpeltmezlik barada eden haýyşynyň yz ýanyna gabat geldi.
Pagtaçylar bilen hasaplaşyk bir ýarym aý bäri gijikdirilýän, Balkanabatda, etraplarda aýlyklaryň gijikdirilmegi dowam edýär, bankomatlarda bolsa pul ýok, anonimlik şertinde gürleşen hünärmen emele gelen ýagdaýy “gaznanyň boşap galmagy” bilen düşündirýär.
Azatlyk degişli edaralara jaň edip, bu mesele boýunça resmi düşündiriş alyp bilmeýär, türkmen metbugaty ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan maliýe kynçylyklary barada hiç bir habar bermeýär.
Bergili ýaşaýjylar goşmaça töleg tölemeli bolýarHökümete ýakyn çeşme häkimiýetleriň ilatdan gelmeli töleglere gijigen aýlyklar, pagtaçylar bilen hasaplaşmak üçin bir çykalga hökmünde garaýandygyny, şu sebäpden adamlaryň döwlet öňündäki bergileriniň çalt ýygnalyp alynmagynyň tabşyrylandygyny aýtdy.
“Öýlerinde ulanan togy, tebigy gazy, suwy, jemagat hojalygy hyzmatlary üçin wagtynda pul töläp bilmeýän, bergisi uly bolan raýatlaryň öýlerine uçastok polisiýasy barýar. Adamlardan bergilerini çat tölemekleri talap edilýär. Bergisi 500 manatdan geçen raýatlaryň işini kazyýete geçirmek tejribesini ulanýarlar” diýip, çeme aýtdy.
Onuň sözlerine görä, işi kazyýete geçen adam, bergili tarap goşmaça, adminstratiw töleg etmeli we bu hem “gaznany doldurmagyň bir usuly” bolup durýar.
“Elektrik, suw-lagym tölegleri, geçen ýyldaky bahalar bilen deňeşdirilende, 100 göterim ýokarlandy. Bir kwartiranyň diňe 3 aýda ulanan agyz suwy, lagym üçin tölegi 400 manatdan geçýär, elektrik tölegi hem 500 manatdan geçipdir. Jemagat hojalygy hyzmatlary, jaý nalogy, gaz üçin hem şonça pul tölemeli bolýar. 3 aýda 1500 manat tölemeli” diýip, bir ýaşaýjy aýlyklaryň “gaty az bolýandygyny”, bu ýagdaýda 1 müň manat aýlyk alýan adamlar “nädip gün görmeli?” diýen soragyň gutulgysyz boljakdygyny öňe sürdi.
Telefon, Wi-Fi üçin 200 manat tölemeli, aýda azyk, ýol harajatlary we beýleki çykdajylar üçin gerek puly hasaplanyňda, döwletiň berýän ujypsyzja aýlygy bilen güzeran aýlamak aňsat iş däl, jemagat hojalygy hyzmatlary üçin tölemeli tölegler ilatyň alýan aýlyk haklary, pensiýalar bilen deňeşdirilende aşa gymmat bolýar diýip, aýry-aýrylykda gürleşilen ýaşaýjylar aýtdylar.
Maglumat üçin aýdylsa, Halk maslahatynyň 19-njy sentýabrda geçirilen mejlisinde çykyş eden ýaşulularyň biri, Ýazmyrat Atamyradow, ýurtda “zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberiniň yzygiderli ýokarlandyrylýandygyny, adamlar üçin döredilýän şeýle ýeňillikleriň dünýäniň hiç bir ýurdunda-da ýokdugyny” öňe sürdi.
Onuň tassyklamagyna görä, bu günki günde Türkmenistanda “her bir maşgalanyň eli uzadan ýerine ýetýär”.
Adamlar Atamyraowyň teklibine garşyÝazmyrat Atamayradow bu ýagdaýy göz öňünde tutup, “zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberiniň ýokarlandyrylmagyny bes etmegi teklip etdi, tygşytlanyljak serişdeleriň beýleki wajyp ugurlara gönükdirilmeginiň has-da talabalaýyk boljakdygyny aýtdy.
Emma ýaşaýjylar, Azatlygyň söhbetdeşleri bu pikir bilen düýpden ylalaşmaýarlar.
“Bar işiňi pul tygşytlamak edeniňde hem ýaşamak gaty kyn. Hemişe çyralary öçürip goýup bolmaýar, 45, 50 gradusa ýetýän yssy howada sowadyjy, kondisioner ulanmazlyk mümkin däl... Elektrik iň tygşytlap ulanan ýagdaýyňda hem gaty gymmat bolýar” diýip, Balkanabatdaky welaýat hassahanasynda sanitar, tämizçi bolup işleýän, 1200 manat aýlyk alýan 50 ýaşly zenan aýtdy.
Ol “durmuş agyr, döwletimiz gitdigiçe gysýar” diýip zeýrendi. Onuň pikiriçe, ýokarda oturanlaryň ogly, gyzy, agtyklary ‘lýuks durmuşda ýaşaýar, olar halkyň aladasyny etmeýär. Halkyň 60 göterime golaýy işsiz, býujetde işleýänleriň 95 göterimi 1 müň, 1500 manat aýlyga işlemäge mejbur bolýar.
Azatlyk ýurtdaky aýlyklaryň derejesi, pagta ýygymy we beýleki zerurlyklar üçin tutulýan pullar, işsizlik, zähmet migrasiýasy we bu ýagdaýlaryň maşgala durmuşyna, çaga terbiýesine, ilatyň beden we ruhy saglygyna ýetirýän zyýanlary barada yzygiderli habar berýär. Emma häkimiýetler bu hili habarlara, şeýle-de kyn ýagdaýa düşen raýatlaryň sosial media arkaly edýän şikaýatlaryna açyk reaksiýa bildirmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär