Ahally eneler: Harby bölümleriň ençemesinde esgerlere arassaçylyk serişdeleri we “paluçka” berilmeýär
Bu ýagdaýlar barada gürrüň beren ahally ene-atalaryň ençemesi esger ogullarynyň arassaçylyk serişdelerini satyn almak üçin özlerinden pul ugratmagy soraýandygyny aýdýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 29-njy sentýabrda Ahal welaýatyndan maglumat berdi.
“Harby gulluga giden oglumyz sentýabr aýynyň başyndan bäri her hepde öýe jaň edip, 50 manat ugratmagy soraýar. Öň pul ugratmagy tas soramaýan oglum indi tapgyr dördünji hepde pul soransoň, ugradýan pulumyzy nämä sowýandygyny soradym. Ol şu aýyň başyndan özlerine arassaçylyk serişdeleriniň we “paluçkanyň” berilmeginiň bes edilendigini aýtdy” diýip, ahally ene anonimlik şertinde aýtdy.
Şuňa meňzeş ýagdaýlar barada esger ogullary ýurduň Balkan we Mary welaýatlarynda gulluk edýän başga-da ençeme ahally ene gürrüň berdi.
"Wagtlaýyn ýa-da hemişelik kesildimi belli däl"Olaryň tassyklamagyna görä, harby ofiserler munuň sebäbini “sentýabr aýynyň başyndan bäri harby bölümleriň hasabyna döwlet tarapyndan pul serişdesiniň geçirilmändigi” bilen düşündirýärler.
“70 manat paluçka we arassaçylyk serişdeleri wagtlaýyn ýa-da hemişelik kesildimi belli däl. Ýöne ofiserler ene-ataňyzdan pul sorap, hemme zady özüňiz satyn alyň diýýärler diýip, esger oglum aýtdy” diýip, ahally ene anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Ýaşaýjylar käbir harby bölümlerde ofiserleriň bu serişdeleri esgerlere bazardaky bahasyndan tas iki esse gymmada satýandygyny hem aýdýarlar.
Mundan başga-da, ene-atalary bilen söhbetdeş bolan esgerleriň tassyklamagyna görä, bu ýagdaý gullukdaky “arassaçylyk şertleriniň has-da ýaramazlaşmagyna getirýär”.
“Häzir ene-atasy pul ugradyp bilmeýändigi sebäpli, arassaçylyk serişdelerini satyn alyp bilmeýän esgerler kän. Bu ýagdaýlar, harby bölümde ten bitiniň köpelmegine getirdi. Ýorgan-düşekleri irden daşary güne çykaryp asyp, gije ýatmazdan öň alsak-da peýda edenok. Käbir esgerleriň endamyny gaşap, ýara bolup, görer ýaly däl” diýip, ahally ýene bir ene esger oglunyň aýdanlaryny sitirledi.
Azatlyga esgerlere arassaçylyk serişdeleriniň we aýlyk eklenç üpjünçiliginiň berilmeginiň bes edilmeginiň ýurduň ähli harby bölümlerine degişlimi ýa-da däldigini anyklamak häzirlikçe başartmady. Redaksiýamyzyň 29-njy sentýabrda degişli harby häkimiýetlerden resmi teswir almak synanyşyklary hem oňyn netije bermedi.
"Agşamlyk naharyndan mahrum edilýär"Türkmenistanyň Ýaragly güýçleriniň şahsy düzümi iýmit we harby lybaslaryň ýetmezçiligi ýaly üpjünçilik we arassaçylyk meseleleri bilen ýyllarboýy ýüzbe-ýüz bolup gelýär.
Şu aýyň başynda Türkmenistanyň Owganystan bilen serhetýaka zolaklarynda çagyryş boýunça harby gullugyny berjaý edýän esgerleriň otlap ýören mallary ogurlamagy bilen bagly wakalaryň göz-görtele köpelendigi barada esgerleriň we harby ofiserleriň birnäçesi gürrüň berdi.
Şonda olar muňa Türkmenistanyň harby bölümlerindäki, hususan-da, türkmen-owgan serhedindäki esgerleriň iýmit şertleriniň pes bolmagynyň sebäp bolýandygyny aýdypdylar.
Geçen ýylyň sentýabrynda Balkanyň Bereket goşun galasyndaky, Türkmenbaşy etrabynda ýerleşýän Ýangaja polkundaky we Marynyň Serhetabat harby diwiziýasyndaky ýatak jaýlarynda mör-möjekleriň köpelýändigini, esgerleriň arasynda deri keselleriň ýaýraýandygyny harby çeşmelerimiz habar beripdiler.
Türkmenistanyň häkimiýetleri, şol sanda harby resmileri öz çykyşlarynda goşundaky problemalary agzamaýarlar. Bu ýagdaýlar barada döwlet mediasynda hem hiç zat aýdylmaýar.
Bu aralykda, ahally eneler esger ogullarynyň pagta ýygymyna çekilmeginiň hem dowam edýändigini, günde 40 kilogramdan az pagta ýygýan esgerleriň agşamlyk naharyndan mahrum edilýändigini hem aýtdylar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.