Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2025
1 2 3 4 5
6
7 8 9 10 11 12
13
14
15 16 17 18 19
20
21
22 23 24 25 26 27
28
29 30

Mallaryň “näbelli” keselden gyrylmagy ahallylary alada goýýar

0
Türkmenistanyň günorta-günbatar sebitlerinde iri şahly mallaryň “näbelli” kesele köpçülikleýin uçramagy we gyrylmagy bilen bagly ýagdaýlar dowam edýär. Soňky ýyllarda yzygiderli gaýtalanýan bu ýagdaýlar ahally maldarlary, şol sanda işiginde mal saklap, şondan güzeran ekleýän ýaşaýjylary juda alada goýýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 29-njy sentýabrda Ahal welaýatyndan maglumat berdi.
“Häzir sygyrlaryň endamynda örgün örýär. Iri şahly mallaryň derisinden çykýan uly iriňli düwürtik edil deri bilen etiniň arasynda gurçuk emele gelene meňzeýär” diýip, ýagdaýlardan habarly ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Kesele duçar bolýan mallaryň aglabasy ot-iým iýmekden ýüz öwürýär. Ýaşaýjylaryň ençemesiniň tassyklamagyna görä, ot-iým sähel iýýän mallar üsgürip, hamala, öýkeninde näsazlyk bara ýa-da sowuklana çalym edýär.
“Bu mallar gije-gündiz ýatanok we molaýar. Olaryň köpüsi aradan birnäçe gün geçip-geçmänkä gyrylýar, haram ölýär” diýip, ahally ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
"Weterinariýa lukmanlary keseli anyklap bilmeýärler"Maldarlaryň we hojalygynda mal saklaýan ýaşaýjylaryň ençemesi bu barada ýerli weterinariýa edaralaryna ýüzlenýändiklerini, ýöne oňyn netije alyp bilmeýändiklerini belleýär.
“Häzir weterinariýa lukmanlary hem iki elini ýokary göterip, “biz öň munuň ýaly kesele mal uçraýandygyny bilmezdik we eşitmezdik, ilkinji gezek görýäris, näme derman maslahat berjegimizi bilemizok, siz nähili asma ukol ur diýseňiz uraly” diýýärler” diýip, ýerli maldar anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Onuň tassyklamagyna görä, bu keselçiligiň nämedigi we oňa garşy nähili göreşip boljakdygy barada ýerli häkimiýetler tarapyndan hem ilata aç-açan düşündiriş berilmeýär.
“Üstesine-de, weterinarlaryň her biri özbaşdak mallara seredip, olaryň her biri özleriçe bejergi maslahat berýär. Olaryň biri “suw köp içir” diýse, beýlekisi “asla suw berme” diýýär. Weterinarlaryň käbiri bolsa, sygyryň sagalmajakdygyny aýdyp, ony halal öldürip, etini kolbasa sehine tabşyrmagy maslahat berýär” diýip, ahally maldar aýtdy.
Häzirki wagtda, maldarlaryň ençemesiniň tassyklamagyna görä, kesellän mallaryny soýup, etini et dükanlaryna satýan raýatlar hem göz-görtele köpeldi.
“Bu mal etleriniň adamzadyň saglygyna nähili täsir ýa-da zyýan ýetirip biljegi belli däl” diýip, maldar belledi.
Maldarlaryň aladalaryAzatlyk bu ýagdaýlar barada degişli ýerli häkimiýetlerden, şol sanda Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň ýerli edarasyndan teswir alyp bilmedi.
Türkmenistanda iri şahly mallaryň “näbelli” keselden köpçülikleýin gyrylmagy bilen bagly ýagdaýlar soňky 10 ýyla golaý wagtyň dowamynda her ýylda azyndan birnäçe gezek ýüze çykýar we her gezeginde ýüzlerçe, käte müňlerçe malyň gyrylmagyna sebäp bolýar.
Bu ýagdaýlar barada Azatlygyň ýurduň dürli welaýatlaryndaky habarçylary şu ýylyň başyndan bäri azyndan bäş gezek habar berdiler.
Balkan welaýatynyň Gyzylarbat we Bereket etraplarynda adamlaryň işikde saklaýan sygyrlarynyň “näbelli” keselden duýdansyz gyrlyp başlanandygy barada sebitdäki habarçymyz geçen hepde maglumat berdi.
Ahaldaky habarçymyz soňky ýyllarda yzygiderli gaýtalanýan bu ýagdaýlaryň maldarlary, hususan-da, işiginde mal saklap, ýeke-täk güzeran eklenji şondan bolan ýaşaýjylary juda alada goýýandygyny aýdýar.
“Meniň malym ýeke-täk baýlygym. Öňler mal alyp, ony dört-bäş aý baksam, soňra onuň etini satsam hojalygymyzy sähel-de bolsa aýlamana ýeterdi. Emma häzir iki sany göläm haram öldi. Indi mal bakanyňdanam peýda ýok. Häzir maňa güzeranymy nädip eklejegim uly alada boldy” diýip, işiginde mal bakýan ahally ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Galyberse-de, ýaşaýjylar mallaryň yzygiderli gyrylmagynyň “ýurtda maldarçylyk pudagynyň çökmegine getirip biljekdiginiň ähtimaldygyny” aýdyp, muňa alada bildirýärler.
Türkmen häkimiýetleri we döwlet mediasy ýyllarboýy gaýtalanyp gelýän bu ýagdaýlar barada häzirki güne çenli hiç hili mesele gozgamaýar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.














Музыкальные новости






















СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *