"Talyban" Owganystandaky interneti doly ýapdy
Owganystana gözegçilik edýän radikal yslamçy topar, “Talyban” hereketi ýurtdaky interneti doly ýapdy diýip, internet gözegçilik edýän halkara gulluk, NetBlocks habar berdi.
"Birnäçe tor irden irden ýuwaş-ýuwaşdan ýapyldy; häzirki wagtda telefon hyzmatyna-da täsir ýetirilýär" diýip, habarda aýdylýar.
Kabul şäheriniň birnäçe ýaşaýjysy BBC-ä özlerindäki süýüm-optiki internet hyzmatynyň iş gününiň aýagyna çenli kesilendigini aýtdy. “Roýters” habar gullugynyň habaryna görä, “Talyban” jübi telefonynyň hyzmatyny hem ýatyrdy.
Owgan resmileriniň biri internet ýapylmazyndan ozal AFP habar gullugyna süýüm optiki torunyň hem ýapyljakdygyny, munuň mobil aragatnaşygyna hem täsir etjekdigini habar berdi.
"Talyban" interneti birnäçe hepde öň ýapyp başlady. Olar bu karary "ahlaksyzlygyň" öňüni almak zerurlygy bilen düşündirdiler. Bu topar mundan öň pornografiýa materiallary we onlaýnda duşýan beýleki jynsy praktikalar sebäpli alada bildiripdi.